Tramp ABŞ-nyň Senatynyň ikinji impiçment sudunda günäli tapylmakdan gutuldy
Donald Trampyň ikinji impiçment işi 13-nji fewralda, öňki prezidenti 6-njy ýanwarda paýtagtda bolup geçen ganly gozgalaňy öjükdirmek aýyplamasyndan aklamak üçin ses bermek bilen tamamlandy.
ABŞ Senatynda geçirilen ses berişlikde öňki prezidenti günäkärlemeli diýip berlen ses 57 bolsa, aklamaly diýlip berlen ses 43 boldy.
Günäkärlemeli diýip ses berenler köplük bolan hem bolsa, öňki prezidenti günäli tapmak üçin zerur bolan ses ýeterlik bolmady, ýagny talap edilýän köplüge, günäkärlemegi talap edýänleriň üçden iki bölegine 10 ses ýetmedi.
Wekiller öýi Tramp wezipesini tamamlamazyndan bir hepde öň ony gaharly mähelläniň Kapitol binasyna hüjüm etmegine meçew bermekde aýyplap, jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.
Senatdaky ses berişlik 74 ýaşly Trampyň 2024-nji ýylda ýene-de prezidentlige dalaş etmegine mümkinçilik berýär.
Ýöne respublikan partiýanyň ýedi agzasynyň öňki prezidenti ýazgarmaga çagyrýan 50 demokratyň we palatadaky garaşsyzlaryň hataryna goşulmagy bilen, bu ses berişlik ABŞ-nyň prezidentini günäkärlemek işiniň taryhynda kabul edilen iň iki partiýaly karar boldy.
Şeýle-de, ses berişligiň yzysüre öňki prezident hakda ýiti sözleri aýtmak bilen, Senatdaky azlyklaryň lideri Miç Makkonnell (Respublikan-Kentukki) Trampa agyr zarba urdy.
Tramp öz beýanatynda ikinji impiçmentini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda "iň uly arwah awynyň ýene bir tapgyry" diýip atlandyrdy.