Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ 43 belarusla 'demokratiýa zyýany' üçin wiza çäklendirmelerini girizdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 43 sany belarusla, şol sanda birnäçe ýokary derejeli resmä garşy, ýurduň demokratiýasyna "ýetiren zyýany üçin”, wiza çäklendirmelerini girizendigini aýdýar.


Döwlet sekretary Antoni Blinken 18-nji fewralda eden çykyşynda Waşingtonyň awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň  dolandyrýan hökümetiniň "parahatçylykly demonstrantlara, demokratiýa aktiwistlerine we žurnalistlere garşy dowam edýän zorlukly basyşlaryndan" alada galýandygyny aýtdy.


“16-njy fewralda “Wýasna” [Bahar] adam hukuklary guramasyna, Belarusyň Žurnalistler birleşigine we garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň işgärlerine garşy geçirilen reýdler, şeýle-de 18-nji fewralda žurnalistler Katsyaryna Andreýewa we Darýa Çultsowa garşy çykarylan hökümler aýratyn aladaly” diýip, beýanatda aýdylýar.


Belarus kazysy 18-nji fewralda Andreýewany we Çultsowany "jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozmaga gönükdirilen köpçülikleýin çäreleri gurnamakda" günäkär tapyp, olara garşy höküm çykardy.


27 ýaşly Andreýewa we 23 ýaşly Çultsowa kazyýet zalynda eden soňky çykyşlarynda aýyplamalary ret etdi. Olar bu çärä diňe žurnalist hökmünde öz işlerini ýerine ýetirmek üçin barandyklaryny aýdyp, özleriniň syýasy sebäpden günäkärlenýändigini öňe sürdi.


Döwlet departamenti "Belarusyň demokratiýasyna zyýan ýetirýändigi üçin, ABŞ-a girip bilmez ýaly", jogapkär hasaplanylýan belaruslylaryň 43-sine garşy wiza çäklendirmeleriniň girizilendigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *