Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezidentleriň çagalary hökümetde: bu Merkezi Aziýa üçin adaty ýagdaý

Prezidentleriň çagalary hökümetde: bu Merkezi Aziýa üçin adaty ýagdaý

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň çagalaryny möhüm wezipelere bellemegi we olary öz töwereginde saklamagy adaty bir ýagdaý. Olar köplenç wezipe orunlaryny üýtgedýärler, käbirleri aňsatlyk bilen hökümetiň başyna barýarlar.

11-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdara birbada iki sany hökümet wezipesini tabşyrdy. Ony wise-premýer hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belledi. Täze wezipeler bilen baglanyşykly Serdar Berdimuhamedow Howpsuzlyk Geňeşine hem goşuldy. Prezident ýolbaşçylygynda dolandyrylýan Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedow garaşylmadyk ýagdaýda kakasynyň orunbasary boldy.

Ýokary gözegçilik edarasy 2007-nji ýylda Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende döredildi. Ol edara döwlet emlägi we maliýe bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk aktlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär. Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçylary ozal köplenç çalşylýardy.

Täze wise-premýeriň wezipesi ýörite ýaş Berdimuhamedow üçin döredildi. Mundan öň premýer-ministriň aýry-aýry wezipeleri eýeleýän birnäçe orunbasary bardy. Prezident täze wezipäni döretmek bilen Ministrler Kabinetiniň we Howpsuzlyk Geňeşiniň işini gowulandyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri häkimiýet başynda näçe uzak bolsalar olaryň çagalary şonça-da köp gezek wezipelerini çalyşýarlar. Olar ýokary wezipe orunlaryndaky “tejribelerini” artdyryp, öz kakasynyň ornuna taýýarlanýarlar.

TÜRKMENISTAN HIÇ KIMI GEŇ GALDYRMAÝAR

Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň çagalarynyň arasynda Serdar ýaly jogapkärli wezipeleri eýeläp, birbada birnäçe ädim öňe bökeni az sanlydyr. Serdar Berdimuhamedow soňky bäş ýylda birnäçe wezipäni üýtgetdi. Diňe geçen ýylyň fewralynda ol senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenipdi. 39 ýaşly kiçi Berdimuhamedowyň wise-premýer hökmünde sanly öýjükli tehnologiýa we innowasiýa ulgamyna jogapkär boljakdygy habar berildi.

Birnäçe ministrlikde we döwlet edaralarynda işlän Serdar Berdimuhamedow Mejlise deputat hem boldy. Şeýle hem diplomatik wezipede işledi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň uçurymy, şeýle hem Moskwanyň Diplomatik akademiýasyny gutaran Serdar Berdimuhamedow 2014-nji ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny gorady we 2015-nji ýylda Tehniki ylymlaryň doktory boldy. 2016-njy ýyldan bäri onuň ady ýygy-ýygydan ýaňlanyp başlansoň, belli jemgyýetçilik işgärine öwrüldi.

Belli wagtyň dowamynda ata-babalarynyň mekany bolan Ahal welaýatynyň häkimi wezipesini eýeledi. Merkezi Aziýanyň beýleki prezidentleriniň çagalaryndan tapawutlylykda, Serdaryň sebiti dolandyrmakda tejribesi bar diýlip hasaplanýar.

Serdar Berdimuhamedow halkara ýygnaklaryna hem gatnaşdy we beýleki prezidentlere kakasynyň salamyny ýetirdi. 2018-nji ýylyň mart aýynda Astanada (häzirki Nur-Sultan) Merkezi Aziýanyň liderleriniň sammitine gatnaşdy. Şol döwürde ol Mejlis komitetiniň başlygynyň orunbasarydy. Bir aý geçmänkä, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi we şol ýylyň aprel aýynda GDA-nyň Daşary işler Ministrler geňeşiniň Minskdäki mejlisinde wekilçilik etdi.

Geçen ýylyň fewral aýyndan bäri ol senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesini eýeleýärdi.

Şeýle-de bolsa, şol döwürde birnäçe syýasy bilermen şu ýylda geçirilmeli saýlawlardan soň onuň Halk maslahatynyň başlygy wezipesini eýelejekdigini aýdýarlar. Geçen ýylky Konstitusiýa girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Halk maslahatynyň başlygy ýurtdaky häkimiýet basgançagynda prezidentden soň ikinji adam bolýar. Şonuň üçin Serdar Berdimuhamedow birnäçe aýdan soň wise-premýer wezipesinden aýrylsa, geň galmaly däl.

TÄJIGISTANDAKY GÜÝÇLI GARYNDAŞLYK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda öňki aýalyndan aýrylyşany hem köp çagaly prezidentler-de bar. Maşgala ýagdaýy aýdyň bolmadyk döwlet baştutanlary-da bar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon dokuz çaganyň atasy. Geçen ýyl onuň uly ogly Rustam Mejlisiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine bellendi. Şeýlelikde, Rustam häkimiýet basgançagynda ýurtda ikinji adam boldy. Konstitusiýa laýyklykda, ol prezidentiň wezipesini wagtlaýyn eýeläp biler.

Merkezi Aziýada Gyrgyzystanda Roza Otunbaýewadan başga wagtlaýyn prezident bolanlaryň ählisi soňra saýlawlara gatnaşyp, ýurduň ýokary wezipeli adamlary boldular. Saparmyrat Nyýazowdan soň Gurbanguly Berdimuhamedow hem edil şonuň ýaly ýagdaýda häkimiýete geldi. Geň ýeri, ol premýer-ministriň orunbasary wezipesinden derrew prezidentlige geçdi. Bu aralykda Mejlisiň başlygynyň garşysyna jenaýat işini açdylar. Yslam Kerimow ölende, Senatyň başlygy bu wezipeden "meýletin" çekilensoň, Şawkat Mirziýaýew prezidentiň wezipesini wagtlaýyn alyp bardy. Soňra Mirziýaýew prezidentlige dalaşgär bolup gatnaşdy. Bu nukdaýnazardan Türkmenistandaky we Özbegistandaky ýagdaýlar biri-birine gaty meňzeş.

Bu şertlerde Täjigistandaky ikinji adam bolan 33 ýaşly Rustam Emomali prezident bolmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe. Prezident Emomali Rahmonyň beýleki çagalary, giýewleri, gudalary we garyndaşlary hem möhüm wezipeleri eýeleýärler.

GAZAGYSTANDA BIR ADAMYŇ HILEGÄRLIGI

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dariga hem häkimiýetlere täsirini dowam etdirýär, ol geçen ýyldan bäri pozisiýasyny üýtgetmegi başardy.

Geçen ýyl ýurtda "ikinji adam" bolmakdan, ýagny Senatyň başlygy wezipesinden aýrylandan soň, şu ýyl geçirilen parlament saýlawlarynda, ýurdy dolandyryjy Nur Otan partiýasyndan, Mejlisiň agzasy boldy. 57 ýaşly Dariga Nazarbaýewanyň kandidaturasy hödürlenende, onuň Mejlisiň başlygy bolup biljekdigi-de öňe sürüldi. Şeýle-de bolsa, ony başlyklyga hödürlemediler. Häzirki wagtda Dariga Mejlisiň ykdysady reformalar we sebitleýin ösüş komitetiniň agzasy boldy.

Ýöne ikinji gezek Mejlisiň agzalygyna saýlanan Dariga Nazarbaýewanyň beýleki deputatlar ýaly bu wezipäni mydama eýelejekdigini aňlatmaýar.

PREZIDENTIŇ ÇAGALARY SEBÄPLI GYRGYZYSTANDA BOLAN REWOLÝUSIÝA

Merkezi Aziýada "demokratiýanyň adasy" diýlip atlandyrylýan Gyrgyzystanda hem prezidentiň çagalary häkimiýete ymtylýarlar. 2005-nji ýylda prezident Askar Akaýewiň iki çagasy – gyzy Bermet hem ogly Aýdar bir wagtyň özünde parlamente dalaş etdiler. Saýlawlar protestler bilen tamamlandy we ýurduň ilkinji rewolýusiýany emele getirdi.

“Çigildem rewolýusiýasy” wagtynda onlarça adam öldi, Askar Akaýew ýurtdan gaçyp çykdy hem Russiýada özüni penalady. Soňra onuň ogly bilen gyzy deputatlyk ygtyýarlyklaryndan mahrum edildi. Aýdar Akaýewiň garşysyna jenaýat işi gozgaldy, ol döwlet emlägini ogurlamakda hem-de güýç ulanmak howpy astynda beýleki adamlaryň emlägini hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, şonuň bilen baglanyşykly birnäçe jenaýat işi gozgaldy. Şol döwürde Bermet Akaýewanyň adamsy bolan Adil Toýganbaýewyň garşysyna-da hyýanatçylykda, korrupsiýada we reýder hereketlerinde aýyplanma bildirildi. Käbir maglumatlara görä, şeýle hadysalaryň on töweregi barada jenaýat işi açylypdyr.

Aýdar Akaýew 2020-nji ýylda Moskwada ýürek keselinden aradan çykdy.

ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GIÝEWLERI

Özbegistanyň ikinji prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň gyzlary hem giýewleri hökümet wezipelerini eýeleýärler. Aýdylyşyna görä, prezidentiň uly giýewi, Saida Mirziýaýewa bilen durmuş guran Oýbek Tursunow prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary bolupdyr.

Mirziýaýewiň ikinji gyzy Şahnoza bilim ministrliginiň mekdebe çenli bölüminiň müdiridir. Adamsy Otabek Umarow prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary. Şeýle hem ol birnäçe sport federasiýalaryna ýolbaşçylyk edýär.

Käbir özbek habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Otabek Umarow Şawkat Mirziýaýewiň “şahsy janpenasy” hasaplanýar.

UZAK ÝYLLAP HÖKÜMETI DOLANDYRÝANLAR SYÝASY GURLUŞA ŞÜBHELI GARAÝARLAR

— Merkezi Aziýada hökümete agalyk edýän näçe köp otursa, şonça-da öz töweregini berkitmäge çalyşýarlar. Olar muny Konstitusiýa we degişli kanun aktlaryna üýtgeşme girizmek, kadrlary çalyşmak syýasaty arkaly amala aşyrmak isleýärler – diýip, syýasy bilermen Duman Kabdygaliýew aýdýar. – Mysal üçin, Türkmenistanyň ýaş prezidenti ogluny mümkin boldugyça ýakynynda saklaýar. Onuň iki sebäbi bolup biler diýip çaklaýan. Ilki bilen, elbetde, olar goňşy ýurtlara seredýärler hem olardan öwrenýärler. Berdimuhamedow Nazarbaýew bilen Rahmonyň tejribesini kabul etmek isleýär. Ikinjiden, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň duýdansyz ölüminden soň, ýüze çykan ýagdaýy göz öňünde tutýar. Munuň özi esasy sebäp bolsa gerek.

Şol döwürde Berdimuhamedow häkimiýet ugrunda barýan gizlin göreşde öz garşydaşlaryny gysyp çykarmagy başardy. Nyýazow jan berenden soň, ýagdaýyň takyk näderejede özgerendigi jemgyýet üçin syr bolup galýar. Mundan başga-da, ykdysady çökgünligi başdan geçirýän ýurt, resmi taýdan boýun almasa-da, koronawirusa sezewar boldy. Ilatyň sosial ýagdaýy erbetleşdi. Graždanlyk urşuny başdan geçiren Täjigistan babatda hem edil şol ýagdaýy aýdyp bolar. Bularyň hemmesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň öz ýakynlaryndan başga hiç kime ynanmaýandygyna şaýatlyk edýär. Muny görüp duranymyz üçin, uzak ýyllap hökümeti dolandyrýanlar syýasy gurluşa şübheli garaýarlar diýip, ynam bilen aýtsa bolar.

Makalanyň awtorynyň pikiri Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna laýyk gelmän biler.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Доллар обвалился на Мосбирже: такого не было давно

Жительница Серпухова вышла в финал конкурса «Миссис Мира Россия»

To Body: лучшие друзья путешественника

Слушатели «Авторадио» поедут на премию МУЗ-ТВ на лимузине

Музыкальные новости

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Москва готова развивать сотрудничество с Ташкентом и Астаной по поставкам газа – Песков

"Спартак" и "Оренбург" сыграли вничью в заключительном матче РПЛ

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже товаров из магазина

Новости России

To Body: лучшие друзья путешественника

Два турпроекта из Клина стали победителями областного этапа Russian Event Awards

Слушатели «Авторадио» поедут на премию МУЗ-ТВ на лимузине

Сергей – боец Красной Армии

Экология в России и мире

BYD-FORKLIFT - официальный дистрибьютор BYD в России

Пластический хирург, косметолог и дерматолог Мадина Байрамукова: как правильно спать, чтобы не было морщин

Gucci, коллекция Resort 2025

Ozon открывает новый фулфилмент-центр в Ставрополье

Спорт в России и мире

Надежда Петрова высказалась о перспективах Арины Соболенко снова возглавить рейтинг WTA

Российский теннисист Сафиуллин опустился на две позиции в рейтинге ATP

Касаткина опустилась на 13-ю строчку в рейтинге WTA, Рахимова поднялась на 18

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Бузова и "Зенит"

Прокуратура не будет требовать уничтожить “Вредные советы” Остера

Вечернее Подмосковье.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *