Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan Kazandan ýene iki dikuçar we 463 kamaz alar

Şu ýyl Türkmenistan Kazanyň dikuçar zawodynyň iki dikuçaryny – “Ми-17-1В” harby transporty we “Ansat” lukmançylyk dikuçaryny,  şeýle-de 463 sany “Kamaz” awtoulagyny satyn almagy planlaşdyrýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” resmi maglumatlara salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygynyň Tatarystanyň Senagat we söwda ministri Albert Karimowa salgylanyp beren maglumatynda Türkmenistanyň Tatarystanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi nygtalýar.


Albert Karimowyň ministrligiň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde aýtmagyna görä, Aşgabat biklen Kazanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk gämi gurluşygy zawody arkaly hem dowam etdiriler.


2020-nji ýylyň netijelerine görä, Türkmenistanyň Tatarstan bilen söwda dolanyşygy bäş esse ýokarlandy.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy  ýylyň iýun aýynda "KAMAZ" kompaniýasyndan jemi iki müňe golaý awtomobil we ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn almak baradaky karara gol çekdi.


TDH geçen ýylyň 29-njy aprelinde “eýýäm ýüküni özi düşürýän "KamAZ 6520" awtoulaglarynyňň 181 sanysynyň satyn alnandygyny” habar berdi. 


Orsýetde öndürilen ýük ulaglary Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmen atynyň güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlap, türkmen halkyna onuň "parasatly ýolbaşçylygynda öňe gitmegi" arzuw etmeginiň iki gün soňundan getirildi.


MNundan öň hem şuňa çalymdaş tötänlik boldy: Rustam Minnihanow 2017-nji ýylda ýapyk binalarda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelip, Berdimuhamedowy Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyndan soň, türkmen lideri "KAMAZ-6520" awtoulaglarynyň ýene 250 sanysyny satyn almak baradaky karara gol çekdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *