Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Garaşyp ýaşamak. Pandemiýa Türkmenistandan göçüp gidýänlere täsir etdi

Garaşyp ýaşamak. Pandemiýa Türkmenistandan göçüp gidýänlere täsir etdi

Türkmenistandan halkara howa gatnawynyň batyrylmagyndan soň ençeme adam   ýurtdan çykyp bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşdi, şol sanda ýurtdan müdimilik göçüp gidýän maşgalalar. Koronawirus pandemiýasy döwründäki çäklendirmeler köp kynçylyklara we şahsy dramalara sebäp boldy.

Azatlykyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda müňlerçe adam ýurtdan çykmak mümkinçiligine garaşýar, köpüsi gaty kyn ýagdaýda galýar. Bularyň arasynda goşa raýatlyga eýe bolan adamlar we Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin köp wagt garaşan we raýatlygy almazdan ýurtdan çykmak kararyna gelenler, şeýle-de raýatlygy bolmadyk adamlar bar. Şeýle-de garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana baryp, koronawirus sebäpli ýurtdan çykyp bilmän galanlar hem bar.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň mart aýynda uçuşlary togtatdy, ýylyň dowamynda halkara gatnawlaryň täzeden başlamagyny birnäçe gezek yza süýşürdi, iň soňky gezek 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli yza tesdirildi.

Häzirki wagtda yzygiderli uçuşlaryň bolmazlygy we diňe çäkli orunlyk ýörite uçarlaryň gatnamagyndan başga-da, köp sanly býurokratik talaplar adamlaryň Türkmenistany terk etmegine päsgel berýär. 

Hususan-da, Orsýete göçmekçi bolýan adamlar degişli resminamalary almak üçin Orsýetiň ilçihanasyna ýüz tutýarlar, olara oňyn karar berlen halatynda dokumentleri Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugyna geçirilýär. Migrasiýa gullugynyň işgärleri dürli döwlet edaralaryndan şol adam baradaky maglumatlary ýygnaýar, onuň jenaýat işine çekilmändigi, maliýe borçnamalary, aliment tölemek we ş.m. borçnamalarynyň bolup-bolmazlygyny anyklaýar we çykyş rugsadyny berýär.

Kimdir çalt jogap alýar, beýlekileri köp aý garaşýar, olaryň arasynda geçen ýylyň bahar aýlaryndan bäri garaşýanlar bar.

Azatlygyň habarçylary kynçylyklara duçar bolan maşgalalaryň ençemesi barada habar berýärler.

Ýagdaýlaryň birinde üç çagaly ene ahyrsoňy gitmäge rugsat alypdyr, ýöne özi we iki çagasy üçin resminamalar gelen hem bolsa, üçünjisi çagasynyň resminamalarynyň ýitirilendigi mälim bolupdyr. Haýsy tapgyrda ýitendigini anyklap bolmandyr. Maşga indi bar işlerini gaýtadan başlamaly bolar.

Başga bir ýagdaýda maşgala birnäçe aý bäri rugsada garaşýar. Bu döwürde ýene bir çaga garaşýar. Indi rugsady almak uzaga çekse, olar çaga dünýä inenden soň ähli resminamalary ýene täzeden ýygnamaly bolarlar.

Türkmenistany terk etmek üçin garaşylýan wagtyň uzaga çekmegi ençeme maşgalany agyr ýagdaýa saldy. Kimdir kwartiralaryny eýýäm satyp, köçede diýen ýaly galdy, kimdir biri dostlarynyň ýa-da tanyşlarynyň öýlerinde ýaşamaga mejbur boldy. Köp maşgalalar bölündi.

Bu aralykda ýurduň daşyna guralýan ýörite uçuşlara islegler artýar. Orsýetiň "S7" awiakompaniýasynyň seýrek uçarlaryna uly nobatlar döredi. 

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, ýakyn wagtda Orsýete gitmek üçin sanlyja göni reýs, şeýle-de Türkiýäniň üsti bilen uçmak mümkinçiligi bar. 20-nji fewrala planlaşdyrylan uçuş 28-nji fewrala çenli yza süýşürildi, iki uçar martyň 25-ne we 31-ne planlaşdyrylýar. Anonimlik şertlerde gürleşen çeşmeleriň biri biletiň bahasynyň 371 dollara, başga bir çeşme 480 dollar barabardygyny aýtdylar.  Töleg dollarda kabul edilýär, türkmen manady kabul edilmeýär.

Azatlyk Radiosy "S7" awiakompaniýasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary ýurtdan gitmäge islegleriň uly bolmagy we fewral hem mart aýlarynda Orsýete göni uçuşlarda orunlaryň sanynyň çäkliligi sebäpli köpleriň Türkiýäniň üsti bilen uçmak mümkinçiliklere razy bolýandygyny habar berýärler.

"22-nji fewralda sagat 18: 00-da Türkmen Howaýollarynyň uçary Türkmenabatdan Ankara uçdy. Uçuşdan üç gün öň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň işgärleri Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna gidýän adamlara, göçüp gitmek statusyna eýe bolanlara we maşgalalary bilen birleşmek isleýänlere jaň edip çykdylar. Olaryň arasynda gitmäge rugsady bolan we Russiýanyň S7 howa ýollary bilen Moskwa gitmek mümkinçiligine garaşýan, emma planlaşdyrylan reýsleriň sanawlaryna goşulmadyk adamlar bardy"-diýip ýagdaýdan ygtybarly çeşme, bu adamlara 3600 manada Ankara uçmagyň, soňra bolsa özbaşdak Moskwa aşmagyň teklip edilendigini gürrüň berdi. 

Ýurtdyň daşyna gitmekçi bolýan adamlardan häzir ençeme resminama talap edilýär, olaryň arasynda sud edilmedigi hakyndaky resminama, inçekeseliň, WIÇ/SPID-iň ýoklugy baradaky sprawka, ruhy hassalyk keselhanasynda we narkodispanserde hasaba alynmandygy baradaky sprawkalar, saglygyň umumy ýagdaýy baradaky sprawka göz öňünde tutýar. Bu şahadatnamalar ugramazdan ozal alynmalydyr. Resminamalary almak işi maddy çykdajylary hem talap edýär.

Mundan başga, adamlar ýurduň daşyna uçmak üçin Türkmenabada barmaly.

Koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ähli ýük we ýolagçy gatnawlary paýtagtdan 620 km uzaklykda, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabadyň halkara aeroportundan dolandyrylýar. Ýurduň içindäki transport gatnawy çäkli bolmagynda galýar, sebitleriň arasynda ulaglaryň hereketi çäklendirilýär, ýolagçy otlylary geçen tomusdan bäri gatnamaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Выставка «Кремли России — взгляд художника» открылась в Нижегородском кремле

Более 12 млрд рублей инвестиций смогли привлечь предприятия из отрасли микроэлектроники и приборостроения благодаря помощи города

Риск высокий: Врач предупредил о распространении в России "клещей-монстров" из Европы

Компьютерный класс оборудуют в Зарайском Центре детского творчества

Музыкальные новости

Дизайнер Наталья Душегрея выпустила капсульные коллекции Весна-Лето 2024

Впервые Бурятский театр оперы и балета выступит с концертом в храме Кяхты

Грубая фальсификация Баку: Уничтожающий собственный народ Азербайджан обвиняет армян

Путин запретил списывать пенсии детей-инвалидов при взыскании долгов

Новости России

На Сокольнической линии метро Москвы произошел сбой, пассажиры эвакуируются в тоннель

Кабмин направит регионам более 880 млн рублей на благоустройство новых жилых районов

Неделя рождения: в Санкт-Петербурге стартовал Фестиваль ледоколов

Пляжный сезон в Подмосковье откроется с 1 июня

Экология в России и мире

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете

Ozon открывает новый фулфилмент-центр в Ставрополье

ONYX отправляется в Большой тур по России

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Спорт в России и мире

Андреева назвала важнейшей в карьере победу над Азаренко на "Ролан Гаррос-2024"

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Теннисистка Петрова: Хачанов совершил недопустимую ошибку на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Девятый вал...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *