Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Paşinýan 'agdarylyşyk synanyşygy' diýenden soň, Ermenistandaky ýagdaý dartgynlygy bolmagynda galýar

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýokary derejeli harby ofiserleriň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret edip, "agdarylyşyk synanyşygy" barada duýduryş bereninden bir gün soň, Ermenistanda dartgynlylyk  ýokary bolmagynda galýar, dünýä döwletleri taraplaryň ählisini  güýçlenýän syýasy krizisiň öňüni almaga çagyrýar. 


Ýokary derejeli harby ýolbaşçylar oppozisiýanyň premýeriň wezipesinden çekilmegi barada edýän talaplaryna goşulandan soň, Paşinýan 25-nji fewralda Ýerewanyň merkezinde 20,000 töweregi tarapdaryna ýüzlenip, ermenileriň ýaragly güýçleriň ara girmegine ýol bermejekdigini aýtdy. 


Şu aralykda,  premýer-ministre garşy 10,000 adamlyk protest guran oppozisiýa partiýalary, Paşinianyň işinden aýrylmagyny talap edip, parlament binasynyň daşynda lagerleri we barrikadalary gurdy. 


Oppozisiýadaky “Gülläp ösýän Ermenistan” partiýasynyň wekili Iweta Tonoýan žurnalistlere oppozisiýa toparlarynyň 26-njy fewralda ýurduň syýasy ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly mejlis geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.


Oppozisiýa partiýalarynyň premýer-ministrlige bilelikdäki kandidaty Wazgen Manukian Paşiniany wezipesinden çetleşdirmek üçin parlamentde adatdan daşary sessiýa geçirilýänçä gije-gündiz, dyngysyz protest bildirmek haýbatyny atdy.


Paşinýan 25-nji fewralda Ýerewanda geçirilen ýygnanyşykda harbylaryň diňe Ermenistany daşarky güýçlerden goramak bilen meşgullanmalydygyny aýtdy.


Ýerewanyň köçelerinden ýöriş geçirenden soň berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda çykyş eden premýer-ministr harby ştabyň premýeriň  we onuň hökümetiniň işinden aýrylmagyny talap edip ýazan hatyna garşy çykdy.


Parlamentde "Meň ädimim" bileleşigimiň köplügine eýe bolan Paşinýan oppozisiýanyň irki saýlawlar baradaky talaplaryny ret etdi we maslahata çagyrdy. 


Täze dörän krizis raýat hökümetine çalasyn halkara goldawynyň berilmegine getirdi,  ABŞ we Russiýa hem  sabyrlylyga  çagyrdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *