Gazak ýazyjylary prezidentden dissident şahyr Atabegiň boşadylmagyny talap edýär
Ýazyjy-şahyrlaryň prezidente ýollan haty 24-nji fewralda Abai.kz web-saýtynda çap edildi. Olar bir polisiýa işgäriniň ölümi bilen netijelenen protestleriň guramaçylygna ýardam bermekde günäkärlenip, 18 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edilen 68 ýaşly şahyryň artritden, süýji keselinden we ýürek keselinden ejir çekýändigini aýtdylar.
“Eger ol bendilikde aradan çyksa, bu biziň ählimiz üçin utanç bolar” diýip, hat aýdýar we prezidenti mümkingadar gysga wagtyň içinde Atabegi boşatmaga çagyrýar.
Atabek özüniň bigünädigini aýdýar. Ol 2012-nji ýylda hökümetiň teklip eden günä geçişliginden ýüz öwürdi. Bu günä geçişlik üçin ol günäsini boýun almaly bolardy.
2012-nji ýylyň dekabrynda onuň prezident Nursultan Nazarbaýew we hökümeti baradaky tankydy makalasy türmeden bikanun çykarylyp, onlaýn ulgamlarda çap edilenden soňra, Atabek ýeke adamlyk türme hüjresine geçirildi we ol ýerde iki ýylyny geçirdi.