Türkmen DIM-i türk prezidentiniň sapary baradaky gürrüňi näme üçin ýaşyrýar?
Türk mediasynyň maglumatyna görä, duşuşykda Türkiýäniň prezidentiniň Türkmenistana etjek sapary barada hem gürrüň edilipdir. Mewlut Çawuşogynyň türk metbugatyna aýtmagyna görä, ikitaraplaýyn sammit, belki-de, şu ýylyň tomsunda, iýun ýa iýul aýynda geçiriler.