Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

20 ýaşly gazak DJ 2020-nji ýylyň "Grammy" baýragyny aldy

20 ýaşly gazak DJ we saz ýazgylarynyň produseri 2020-nji ýylyň "Grammy" baýragyny alyp, Merkezi Aziýada ilkinji, öňki postsowet regionyndan bolsa, klasiki bolmadyk saz kategoriýasynda ilkinji bolup bu baýraga mynasyp boldy.


Gazagystanyň demirgazygyndaky Pawlodar şäherinden Imanbek Zeýkenow 14-nji martda Los Angelesde 63-nji "Grammy" baýragyna iň gowy remiks kategoriýasynda eýe boldy.



"Sazanda üçin 'Grammy' almak iň gowy sylagdyr. Men muny etdim!" diýip, Zeýkenow ýeňiji yglan edilenden soň Instagramda ýazdy.


Zeýkenow Aksu şäherinde ýokary bilim alansoň demirýol boýunça bilim alyp, bu ulgamda işläpdir. Saz onuň hobbisi bolupdyr. Onuň SAINt JHN lakamy bilen tanalýan amerikaly Karlos Sent-Jonyň "Roses" eseri boýunça taýýarlan remiksi YouTube-de uly meşhurlyk gazanyp, ABŞ-nyň iň meşhur ýüzlügini düzýän "U.S. Billboard Hot 100" reýtinginde birinji bäşlige giripdir. Geçen tomus bu saz Britaniýada hit paradda öňe çykdy.


Aýdymyň ilkinji üstünliklerinden soň Zeýkenow Orsýetiň saz ýazgylaryny edýän “Effekt” kompaniýasy bilen işledi we Karlos Sent-Jon bilen "Saint Jhn" aýdymyny bilelikde işläp çykarmak barada ylalaşdy.


Koronawirus pandemiýasy sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyşlaryň köpüsi öňünden taýýarlandy. Alyp baryjy Trewor Noa Los Anjeles merkezinden dört sagatlyk göni ýaýlymda çykyş etdi. Gatnaşanlar maska geýip, kiçi tegelek stollaryň daşynda sosial aralyk saklap otyrdylar.


Grammy saz boýunça ýylyň iň esasy wakasy hasaplanýar we abraýy boýunça kino sungatynyň "Oskar" baýragyna deňelýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *