SIPRI: 2016-2020 ýarag söwdasy durnukly derejede boldy
SIPRI soňky synynda ýarag eksportyny edýän ilkinji bäş ýurduň üçüsiniň - ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň bäş ýyllyk döwürde iberilen önümleriň sanyny artdyrandygyny, ýöne Orsýetiň we Hytaýyň eksportynyň azalmagynyň ýarag söwdasynyň umumy möçberine täsir ýetirendigini belleýär.
SIPRI, 2001–2005-nji ýyllardan bäri ilkinji gezek ýurtlaryň arasynda esasy ýarag söwdasynyň mukdarynyň artmandygyny aýtdy.
SIPRI-iň habaryna görä, ABŞ ýarag eksportynyň 37 göterimini emele getirip, iň köp eksport ediji bolup galdy. ABŞ-nyň ýaraglarynyň ýarysy Ýakyn Gündogara bardy.
SIPRI-iň habaryna görä, dünýäde ikinji orunda durýan eksportçy Orsýet global ýarag söwdasynyň bäşden bir bölegini emele getirdi, ýöne 2011-2015-nji ýyllar bilen deňeşdirilende satuwy 22 göterim azaldy, bu esasanam Hindistan tarapyndan edilýän importyň ep-esli azalmagynyň hasabyna boldy.