Kreml Lawrowyň çykyşlarynda "islendik söz düzümini" ulanmaga rugsat berdi
Peskowyň pikiriçe, Lawrowyň sözleri ABŞ-nyň Russiýa babatda alyp barýan "öňünden aýdyp bolmajak, agressiw, gödek we dostluksyz" syýasatyna degerli jogap bolup durýar.
"Ministr, hemişe bolşy ýaly, öz sözlerinde jaýdar bellik edýär" diýip, prezidentiň metbugat sekretary aýtdy.
Habar beriş serişdeleri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň mundan öňem öz aýdýan sözlerinde seresap boljak bolmandygyny, özüni çäklendirmändigini belleýär.