Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

DWT: Tussag edilen aktiwistlerimiziň meselesini tutuş dünýä eşitdirmekçi

Azatlyk Radiosynyň owal maglumat berişi ýaly, Türkmenistanyň daşynda hereket edýän "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) oppozision hereketiniň lideri Myrat Gurbanow aktiwistler Didar Aşyrowyň we Döwran Gylyjowyň Aşgabatda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan tussag edilendigini 30-njy martda habar beripdi.


Azatlyk Radiosy DWT-niň lideri Myrat Gurbanow bilen söhbetdeş bolup, Aşyrowyň we Gylyjowyň soňky ykbaly barada sorady.


Azatlyk Radiosy: Siz geçen aýyň ahyrlarynda DWTniň aktiwistleri Didar Aşyrowyň we Döwran Gylyjowyň Aşgabatda MHM-niň işgärleri tarapyndan tussag edilendigini habar berdiňiz. Eýse, olaryň soňky ykbaly barada nähili maglumatlar bar?


Myrat Gurbanow: “Hawa, biziň Türkmenistandaky aktiwistlerimiz Didar Aşyrow we Döwran Gylyjow paýtagtda listowka ýaýratdylar. Listowkada Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň adam hukuklary baradaky maddalary ýazylgydy. Şeýle-de listowka bu babatda problemalar ýüze çyksa, şu nomerlere jaň edip bilersiňiz diýip BMG-niň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň telefon nomerlerini we biziň mail adresimizi ýazdyk. Aktiwistlerimiz şeýle mazmunly listowka ýaýradandyklary sebäpli, olary MHM-niň işgärleri tussag etdiler we “terrorist” diýip aýyplamaga çalyşýarlar”


Azatlyk Radiosy: Siz aktiwistleriňiz üçin aklawçy tutdyňyzmy we eger tutan bolsaňyz aklawçy olar bilen duşuşdymy ?


Myrat Gurbanow: “Hawa, biz olar üçin Türkmenistandan aklawçy tapdyk. Siziňem bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda syýasy mesele boýunça aklawçy tutmak gaty kyn. Emma güýçli aklawjy tapdyk. Ol MHM-niň işgärleri bilen şu mesele boýunça gepleşiklere başlap, bir netijä geljek bolýar.


Eýýäm aklawçy aktiwistlerimiz bilen duşuşyp, gürleşip başlady. Bu ýerde iki ugurda iş alyp barýarys. Türkmenistandaky aklawçylar şu meselede aktiwistlerimiz hiç bir kanuny bozmadylar, olar Esasy Kanunyň maddalaryny listowka görnüşinde paýlanda, kanun bozmadylar. Belki, admisntratiw kanun bozma boldy. Ýagny, olar rugsat berilmedik ýerlere listowka asdylar diýýärler. Biz olaryň mundan başga bikanun hereketi ýok diýýäris. Emma MHM gullugy olaryň Türkmenistanyň bütewiligine garşy işlediler,”terroristler” diýen pozisiýany tutýar. Ine, şu iki pozisiýanyň arasynda biziň argumentlerimiz, biziň aýdýan zatlarymyz has güýçli çykýar”


Azatlyk Radiosy: Eýse, siz Aşyrowyň we Gylyjowyň meselesi barada Halkara jemgyýetçiligi bilen nähili işler alyp barýarsyňyz?


Myrat Gurbanow: “Biz adam hukuklary boýunça Halkara “Human Rights Watch”, “Amnesty International” guramalary bilen jebis işleşip, ähli ýagdaýlary düşündirip, habar berýäris we olardan kömek soraýarys.


Şeýle-de, biz ABŞ-nyň, Ýewropa döwletleriniň prezidentlerine, ÝHHG, Ýewropa parlamentine, BMG-niň ýokary komissarlygyna meseläni düşündirip hat ýazyp, kömek soradyk. Biz Türkmenistanyň Esasy Kanunyna we Jenaýat Kodeksine daýanyp, olaryň maddalarynyň bozulmandygyny, olaryň hukuklaryny subut edýäris. Emma aktiwistlerimize aýyplama ýöňkemek üçin MHM-niň elinde hiç-hili argument ýok. Elbetde, olara hem basyş edilýändigi düşnükli .


Ynha, şu iki çekeleşik kazyýetde çözülmeli. Belki-de, kazyýetden öň özara bir ylalaşyga gelmeli. Biziň esasy maksadymyz şu meseläni Türkmenistanyň kazyýetine däl-de, bütindünýä kazyýetine ýetirmek. Diýmek, şu meseleden bütin dünýa habarly bolup, olaryň Türkmenistana basyş etmegi üçin tagalla edýäris”


Türkmenistanyň daşynda hereket edýän "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) oppozision hereketiniň lideri Myrat Gurbanowyň pikirleri barada türkmen resmilerinden kommentariýa almak başartmady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *