Jenaýat habarlaryny taýýarlaýan žurnalist öýüniň işiginde atylyp öldürildi
Ol 9-njy aprelde, Alimos mähellesindäki öýüniň öňündäki köçede, motosikletli iki sany ýaragly adam tarapyndan oka tutulyp öldürildi diýip, polisiýa we ýerli media habar berdi.
Gündelik “Katimerini” gazetiniň ýazmagyna görä, goňşular ýarag sesini eşitmediler, bu hüjümçileriň tüpeň sesini çykarmaýan gurallary ulanandygyny aňladýar. Wakanyň bolan ýerinden 17 sany peşeň tapyldy.
Bu ganhorlygyň sebäpleri barada jikme-jiklik ýok. Karaiwazyň blogynda berlen beýanatda onuň işi sebäpli nyşana alnandygy aýdylýar.
"Kimdir biri ony susdurmak, ok bilen onuň habarlarynyň ýazylmagyny togtatmak kararyna geldi. Ol öz öýüniň öňünde jezalandyrylyp öldürildi" diýip, beýanatda aýdylýar.