Erdogan Zelenski bilen duşuşyp, gündogar Ukrainadaky ýagdaýlaryň 'aladalydygyny' aýtdy
Ozaldan planlaşdyrylan we Stambulda üç sagatdan gowrak dowam eden duşuşyk gündogar Ukrainada uzak wagt bäri dowam edýän konflikt sebäpli Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.
Zelenski bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdogan soňky wakalary "aladalandyryjy" diýip atlandyrdy we konfliktiň "parahatçylykly we diplomatik ýollar bilen, Ukrainanyň bitewiligi we halkara hukugy esasynda çözüljekdigine umyt edýändigini" aýtdy.
Türkiýe we Ukraina Gara deňiz serhetleri bolan ýurtlar bolup, gowy gatnaşyk saklaýarlar. Türkiýe mundan öňem Russiýanyň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny anneksiýa etmegini ýazgaryp çykyş etdi.
Erdogan metbugat ýygnagynda Türkiýäniň Krymyň basyp alynmagyny ykrar etmezlik baradaky kararyny hem gaýtadan tassyklandygyny aýtdy.
Duşuşykda prezidentler öz ýurtlarynyň arasynda goranyş hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Zelenski güýçlendirilen hyzmatdaşlygyň esasanam ýarag we söweş uçarlarynyň gurluşygyna degişlidigini aýtdy.
Zelenski Kiýew bilen Ankaranyň Gara deňiz sebitindäki howp-hatalara garşy göreş meselesinde birmeňzeş pikirde bolandygyny hem sözüne goşdy.