Täjigistanda bir aýal maşgala dawasyndan soň üç çagasyny we özüni asdy
Täjigistanyň Penjikent sebitiniň Neknot obasynyň ýaşaýjylary 10-njy aprelde Kulak kölüniň golaýynda dört sany jesedi "agaçdan asylan" halda tapdy.
Neknot obasynyň birnäçe ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, bular 32 ýaşly Şahlo Şaripowanyň we onuň üç çagasynyň - 6 ýaşly Muhammetžonyň, 4 ýaşly Şahnozanyň we 8 aýlyk Aminanyň jesetleri bolup çykdy.
Ozodi radiosynyň, Azatlygyň Täjik gullugynyň söhbetdeşleri bu aýalyň ilki çagalaryny asyp, soň bolsa öz janyna kast edendigini gürrüň berdiler.
“Şu gün Neknot Boloda baýramçylyk boldy. Ondan soň bir topar çaga Kulak kölüni görmäge gitdi. Kölüň gapdalynda uly bir baglyk bar, olar alma agajyndan ýaglyk bilen asylan üç çagany we olaryň ejesini gördüler" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň resmi habarynda Neknot obasynyň ýaşaýjysy, 1988-nji ýylda doglan, durmuşa çykan Şahlo Erkinowna Şaripowanyň 2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde, öýlän sagat 16 töwereginde, maşgala dawasy sebäpli janlaryna kast etmek üçin, çagalary bilen agzalan obanyň "Bogi Niyoz" diýen ýerine gelip, olary ýaglyk bilen agaçdan asandygy we soň özüni asandygy aýdylýar.
Soňky ýyllarda Täjigistanda garyplyk we öz hossarlary tarapyndan urlup-ýenjilmegi sebäpli birnäçe aýal öz janyna kast etdi. Olaryň birnäçesi öz çagalaryny hem öldürdi.