Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyz güýç dellaly Matraimow deslapky tussaglykdan boşadyldy, oňa garşy açylan iş ýapyldy

Ýüzlerçe million dollaryň daşary ýurtlara bikanun çykarylmagyna gatnaşygy sebäpli ABŞ-nyň Magnitskiý sanksiýalary sanawyna goşulan gyrgyz gümrük gullugynyň başlygynyň öňki jedelli orunbasary Raimbek Matraimow deslapky tussaglykdan boşadyldy, oňa garşy pul ýuwmak bilen bagly açylan iş ýapyldy.


Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) 15-nji aprelde derňewçileriň daşary ýurtlarda Matraimowa ýa-da onuň maşgala agzalaryna degişli nagt pul ýa-da gozgalmaýan emläk tapmandygyny, şol sebäpden Matraimowa garşy açylan jenaýat işiniň bes edilendigini aýtdy.


Matraimow fewralda gaýtadan tussag edilende Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti onuň Hytaý, Russiýa, Türkiýe, Ukraina we Birleşik Arap Emirliklerinde gozgalmaýan emläk satyn almak arkaly pul ýuwmakda güman edilip, saklanandygyny aýtdy.   


Ýüzlerçe gyrgyz Matraimow boýunça çykarylan hökümiň ýeňledilmegi barada has ozal çykarylan kazyýet kararyna protest bildirenden soňra, fewralda Bişkek kazyýeti Matraimowyň korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda kazyýet diňlenişigine çenli tussag edilmegini buýruk beripdi.


Kazyýet hökümiň ýeňledilmegini Matraimowyň gözegçilik eden korrupsiýa shemasy arkaly ýitirim bolan 24 million dollar töweregi serişdäni onuň yzyna gaýtarmagy bilen düşündirdi.


Şol karar dekabrda kabul edilen ykdysady günä geçişlik kanunyna esaslanýar. Bu kanun bikanun ýollar bilen maliýe serişdelerini gazanan adamlara emläklerini döwlet gaznasyna tabşyrmak bilen jenaýat jogapkärçiliginden gaçmaga rugsat berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *