Baýden ABŞ harbylarynyň 11-nji sentýabra çenli Owganystandan çekiljekdigini yglan etdi
“Amerikanyň iň uzaga çeken söweşini soňlandyrmagyň wagty geldi” diýip, Baýden 14-nji aprelde Ak tamda eden çykyşynda aýtdy.
“Amerikan harbylary üçin öýe dolanmagyň wagty geldi” diýip, ol aýtdy.
Baýden Owganystanda galan 2500 ABŞ harbysyny çekmek işleriniň 1-nji maýda başlanjakdygyny aýtdy.
“Biz ýurtdan çykmakda howlukmaýarys. Biz muny jogapkärçilikli, hüşgär we howpsuz ýerine ýetireris. Biz muny öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen doly utgaşykly amala aşyrarys” diýip, Baýden aýtdy.
Şeýle-de, ol regional güýçleri, şol sanda Pakistany, Hindistany, Hytaýy, Russiýany we Türkiýäni Owganystana goldaw bermäge çagyrdy.
Baýden owgan hökümetini goldamaga dowam etdirjekdigini wada berdi, ýöne harby taýdan däl.
Baýdeniň bildirişiniň yz ýany ýaýradan beýanatynda NATO ýaranlygyň 1-nji maýa çenli Owganystandan öz güýçlerini çykaryp başlamak boýunça ylalaşandygyny aýtdy.