Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ ulularyň ýarysyna waksina etdi, ysraýyllylar maskasyz dem alýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulularyň ýarysyna COVID-19 garşy waksinalaryň azyndan bir tapgyry edildi. Bu ýurt dünýäniň beýleki künjeklerine ýaýbaňlanýan wirusyň täze tolkunynyň ýaýramagyndan öň ilatyna sanjym etmäge gyssanýar. 


Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň 18-nji aprelde habar bermegine görä, ýaşy 18 we ondan uly ýaşly adamlaryň 130 millionyna golaýy waksinanyň azyndan bir tapgyryny alypdyr, bu bolsa ýurtda ulularyň 50,4% emele getirýär. Ulularyň 84 milliona golaýy, ýagny üçden bir bölegi bolsa waksinanyň iki tapgyryny doly aldy.


ABŞ-daky waksinasiýa kampaniýasynda günde 3 milliondan gowrak adama waksina edilýär. 


Ýöne ýakynda geçirilen pikir soralyşyga görä, tiz wagtdan waksinasiýanyň öňünde ynamsyzlyk meselesiniň böwet bolup döremegi mümkin, sebäbi amerikalylaryň her bäşden biri waksinany almak islemeýär.


Bu aralykda Ysraýylda 18-nji aprelde ilat ilkinji gezek daşarda maskalaryny çykardy. Ysraýylyň ilatynyň ýarysyndan gowragyna doly waksina edildi.


Ysraýyl, "Pfizer/BioNTech" waksinasyny ulanyp, dünýäde COVID-19 garşy iň çalt kampaniýalarynyň birini geçirdi we bäş million adama doly sanjym etdi.


Ýurtda ýokançlygyň, hassahana düşýän adamlaryň we wirusdan ölenleriň sanynyň ep-esli azalmagy sebäpli mekdepleriň, barlaryň, restoranlaryň we beýleki ýapyk jaýlardaky çäreleriň açylmagyna mümkinçilik döretdi, emma ýapyk jaýlardaky köpçülik ýerlerinde maska geýmek talaby henizem saklanyp galýar.


Emma Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ABŞ-nyň saglyk işgärleriniň we sanjym öndürijileriniň beren belliklerini gaýtalap, geljekde güýçli dozalaryň zerur bolup biljekdigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *