Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Toý mekan eýeleri ilata üç gün toý toýlamagyň gadagan edilýändigini aýdýar

Türkmenistanda pandemiýanyň fonunda girizilen karantin çäklendirmeleriniň tapgyrlaýyn gowşadylýan wagty, Maryda we Baýramalyda ýaňy bir öz işlerini täzeden ýola goýmaga synanyşýan toý mekan eýeleri kanun goraýjy edaralaryň ilata üç gün möhlet bilen toý toýlamagy gadagan edýändigini aýdýarlar.


Aýdylýan gadagançylyk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan toý mekan eýeleriniň sözlerine görä, Mary we Baýramaly şäherlerinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri üç günüň dowamynda toý toýlamagyň gadagan edilýändigini aýdýarlar.




“Prezidentiň kakasy ýogaldy. Üç gün geçýänçä toý toýlamak gadagan” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy kanun goraýjy işgärleriň restoran eýelerine aýdan sözlerine sitirleýär.


Ýöne Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde aýdym-sazly gepleşikleriň efire berilmegi dowam etdirilýär, ýas çäreleri göze ilmeýär.


Habarçynyň sözlerine görä, Mary we Baýramaly şäherlerinde 250 adamdan 500 adama çenli myhman kabul edip bilýän restoranlaryň eýeleri öňünden meýilleşdirilen toýlaryň ýatyrylmagy barada toý tutýan maşgalalara aýtmagyň “oňaýyny tapyp bilmeýändiklerini” aýdýarlar.


“Ogul öýerip, gyz çykarmak üçin toý mekanlary bilen öňünden gepleşip, hatda öňünden puluny geçiren maşgalalar bar” diýip, bir toý mekan eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy.


“Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.


Mälikguly Berdimuhamedow resmi habarda “gahryman” we “ýaşlar üçin görelde” atlandyryldy.


Türkmençilikde ýakyn hossary aradan çykan adamlar merhumyň ýas günleri geçýänçä toý tutmakdan saklanýar.


Ýöne özlerine toý tutmak gadagan edilen maryly ýaşaýjylar özleriniň öňünden meýilleşdiren toýlaryny geçirmäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar.


Olaryň käbiri toý mekanlarynda aýdym-sazyň sesini ýaňlandyrmazlygy teklip etse, käbiri toýa gelen myhmanlary restoranyň gapdal gapysynda içerik girizip, restoranyň öňünden seredilende, hamala, ol ýerde toý tutulmaýan ýaly edip görkezmegi teklip edýär.




Toý mekan eýeleri ýaňy bir karantin çäreleriniň gowşadylmagyndan soň öz işlerini gaýtadan ýola goýmaga synanyşýan wagtlarynda, täze girizilen üç günlük gadagançylygyň özlerine agram boljakdygyny adýarlar.


“Biz indi bu barada nädip toý tutýan adamlara aýtmaly! Ol adamlar bize öňünden pullaryny berdiler. Indi nädip olary yzyna gaýtarmaly. Nädip biz olara gelmäň diýeli!” diýip, bir toý mekan eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


“Biz toý sähedini şu güne belledik. Ähli dogan-garyndaşlary, hossarlary, tanyş-bilişleri we işdeşleri şu gün öýlän sagat 6:00-a toýa çagyrdyk. Indi biz toýumyzy nirede geçirmeli!” diýip, bir toý tutýan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


“Altyn asyr” döwlet telekanaly prezidentiň kakasynyň ölümi barada türkmen emeldarlarynyň aýdan gynanç sözlerini getirdi.


Resmi terjimehalyna görä, Mälikguly Berdimuhamedow dürli ýyllarda kitaphanaçy we mugallym bolup işländen soňra, Içeri işler ministrliginde dürli wezipelerde işledi we podpolkownik çini bilen pensiýa çykdy.


Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty onuň atasynyň, kakasynyň, ejesiniň, oglunyň we agtyklarynyň şöhratlandyrylmagy bilen dabaralandyrylýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *