Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýdeniň ermeni gyrgynçylygyny ‘genosid’ hökmünde ykrar etmegine garaşylýar – habarlar

Prezident Jo Baýden Birinji jahan urşunda ermenileriň osman imperiýasy tarapyndan gyrylmagyny genosid hökmünde ykrar etmegi mümkin diýip, 21-nji aprelde media maglumatlarynda aýdyldy. Gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagy boýunça 100-den gowrak ABŞ kanun çykaryjysy çagyryş edýär.


Baýdeniň ýeňiş gazanan noýabr prezidentlik saýlawlarynda wada beren bu ykrarnamasy esasan simwoliki ähmiýete eýe bolar, ýöne gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagynyň Türkiýäni gaharlandyrmagy mümkin. Bu bolsa iki NATO ýaranynyň arasyndaky onsuz hem dartgynly gatnaşyklary has-da möwjedip biler.


Dünýäniň dürli künjeklerinde her ýyl 24-nji aprelde geçirilýän Ermenileriň Genosidi ýatlama güni mynasybetli etjek çykyşynda Baýdeniň “genosid” sözüni ulanmagyna garaşylýar diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters we The New York Times neşirlerine aýtdy


Muňa garamazdan, çeşmeler Türkiýe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini nazarda tutup, Baýdeniň iň soňky pursatda “genosid” sözüni ulanmazlygy saýlap almagynyň mümkindigini duýdurdylar.


Bu habarlar 21-nji aprelde Wekiller öýünde 100-den gowrak agzanyň Baýdeni ermenileriň sistematik görnüşde öldürilmegini we deportasiýa edilmegini resmi taýdan genosid hökmünde ykrar edýän ilkinji ABŞ prezidenti bolmaga eden çagyryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *