Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Din azatlygy boýunça komissiýa Türkmenistany ýene 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy soňky hasabatynda başga-da dokuz ýurt bilen bir hatarda Türkmenistany din azatlygy boýunça ýene-de “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hatarynda galdyrmagy maslahat berdi.


Nobatdaky hasabatynda ABŞ-nyň halkara din azatlygy komiteti Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi we Birma, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýene bir gezek “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda saklanyp galynmagyny teklip etdi.


“2020-nji ýylda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýy dünýäde iň erbetleriň hatarynda galdy we hiç hili ösüş alamatlaryny görkezmedi” diýip, hasabat aýdýar.




Hasabat Türkmenistanda raýatlaryň din azatlygynyň gödek basgylanmagyna, şol sanda ýurtda resmi hasaba alynmadyk dini toparlaryň yzarlanylmagyna, jezalandyrylmagyna, ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlaryň jezalandyrylmagyna hem-de dini ynanjy sebäpli tussag edilen beýleki raýatlaryň berk düzgünli türme şertlerinde saklanylmagyna salgylanýar.


Hasabata görä, türkmen häkimiýetleri Owadandepe türmesinde hem dini ynanjy sebäpli tussag edilen adamlary saklaýan bolmagy mümkin.


“Owadandepe türmesi syýasy dissidentleri we döwlet duşmanlaryny saklamak üçin guruldy we ol ýerde saklanýan tussaglar köplenç agyr şertlerden, şol sanda gynamalardan we açlykdan ölýär” diýip, hasabat ýazýar.


Döwlet departamenti soňky sapar Türkmenistany 2019-njy ýylyň dekabrynda din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda ynanjy sebäpli ýanamalara sezewar bolýan raýatlar barada yzygiderli habar berýärler.


ABŞ-nyň garaşsyz, iki partiýaly Din azatlygy komissiýasy Kongres tarapyndan dünýä boýunça din azatlygynyň ýagdaýy barada maslahat bermek üçin döredildi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *