Baý ýurtlar kislorod, wentilýatorlary COVID-19 zerarly ejir çekýän Hindistana ibermäge taýynlanýar
Britaniýa, ABŞ we Germaniýa gyssagly zerur lukmançylyk enjamlaryny Hindistana ibermegi wada berdiler. Bu ýurt bir günde ýokanç COVID-19 keseliniň möçberi boýunça dünýäde täze rekord goýdy.
Hindistan 25-nji aprelde 349 691 tassyklanan koronawirusly näsaglary hasaba aldy we dördünji gün rekord görkezýär.
Keselhanalar kislorod soraýan hassalary yzyna öwürmäge mejbur bolýar sebäbi saglygy saklaýyş ulgamyny howply ýagdaýa düşýär.
Sosial media maglumatlarynda bejergä garaşyp ölen ýakynlarynyň yzyndan aglaýan adamlary görkezildi.
Mazarlar we krematoriýalar juda köp.
Britaniýa, ABŞ, Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi wentilyatorlar we kislorod ýaly kömek serişdelerini ibermegi wada berdiler.
Britaniýanyň Daşary işler edarasy 27-nji aprelde 140 töweregi howa beriji enjamyň we 500-e golaý kislorod konteýneriniň iberiljekdigini aýtdy.
ABŞ COVID-19 waksinalaryny, şeýle hem howa beriji enjamlaryny we beýleki enjamlary öndürmek üçin zerur materiallary iberer. Bu barada milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Jeýk Saliwan aýtdy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel "pandemiýa garşy göreşiň ähliumumy söweşdigini" aýtdy we Germaniýanyň "gyssagly ýagdaýda goldaw missiýasyny taýýarlaýandygyny" mälim etdi.
Ýewropa Komissiýasy Deliden haýyş alandan soň Hindistana kislorod we derman ibermegi maksat edinýär.