“Freedom House” Ýewropadaky, Ýewraziýadaky “demokratiýadan ters öwrüm” barada duýdurýar
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Freedom House” (“Azat Öý”) guramasy Ýewropadaky we Ýewraziýadaky “demokratiýadan ters öwrüm” barada duýdurdy. Gurama köp döwletlerde saýlanan liderleriň häkimiýetde galmak üçin demokratiki gymmatlyklary depeleýändiklerini we “alternatiw awtoritar häkimiýeti” ornaşdyrýandyklaryny hem belledi.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň ýyllyk “Geçiş ýurtlary” hasabatynda Ýewropa Bileleşiginde demokratiýa babatynda has köp Wengriýada we Polşada yza gaýtmalaryň bolandygy nygtalýar.
Hasabatda guramanyň syn beren döwletleriniň aglabasynda häzir ýagdaýlaryň “mundan 10 ýyl öň bilen deňeşdirilende has erbetdigi” bellenilýär.
Türkmenistan hasabatda “Konsolidirlenen Awtoritar Režimli” döwletleriň sanawynda ýerleşdirildi.