Derňew: Türkmenistanyň halky açlyk çekýärkä, prezidentiň ýegeni azyk importyndan bähbit görýär
Türkmenistanyň halky döwlet tarapyndan subsidirlenen azyklary satyn alyp bilmek üçin uzyn nobatlarda garaşýan pursady, häkimiýetiň başyndakylaryň maşgala agzalary keýpi-sapada ýaşaýarlar diýip, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň (OCCRP) 13-nji maýda çap eden hasabatynda bellenilýär.
Derňewçi topar bilen hyzmatdaşlyk eden turkmen.news garaşsyz neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew we “Gündogar” habar saýtynyň baş redaktory Baýram Şyhmyradow Türkmenistana azyk import etmäge ygtyýar berlen kärhanalaryň biriniň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biri, 39 ýaşly Hajymyrat Rejebow bilen ilteşiklidigini anyklamagy başardylar.
Hasabatda bellenilşi ýaly, Rejebowyň Britaniýada hasaba alnan bir firmasy bilen – 2016-njy ýylyň noýabrynda prezident-daýysy tarapyndan çykarylan höküme laýyklykda – Türkmenistana towuk, şeker we ösümlik ýagy ýaly azyk harytlaryny import etmegi üçin 25,7 million dollarlyk şertnama baglaşylypdyr.
Hasabatda bu şertnamadan soň, Rejebowyň paýtagt Aşgabatda gymmatbaha bir jaýy edinendigi hem bellenilýär.
Hasabatyň awtorlary prezidentiň maşgala agzalarynyň kaşaň durmuşy sürýän pursady, adaty adamlar üçin gündelik çöreginiň hem aladadygyny nygtaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.