ÝB Moskwanyň ukrain ýerleriniň käbir böleklerini eýelemek synanyşygyny duýdurýar
Bu duýduryşlar ÝB-niň diplomatik edarasy tarapyndan taýýarlanan we şu hepdäniň başynda ÝB agzalarynyň arasynda ýaýradylan, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan hem gözden geçirilen hasabatda berildi.
Russiýa tarapyndan goldanýan söweşijiler bilen Ukrainanyň hökümet goşunlarynyň arasynda bolan çaknyşyklar 2014-nji ýyldan bäri 13,000-den gowrak adamyň ölümine we bir milliondan gowrak adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.
Geçen aý Russiýa Ukraina bilen serhetleşýän sebitlerine 100,000-den gowrak goşun we agyr ýarag iberenden soň dartgynlylyk has güýçlenen hem bolsa, söweşler kem-kemden köşeşdi we azaldy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken geçen hepde Kiýewde ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşanda ruslaryň bu sebite goşun ýerleşdirilmegini berk tankyt etdi.