Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl Gazadaky hüjümlerini güýçlendirýär, ýöne guryýer hüjümlerinden saklanýar

Ysraýyl 14-nji maýda anklawdan atylan täze raketalara jogap hökmünde Gazany top oklaryna tutdy  we howadan bomba zarbalaryny urdy, ýöne gury ýer arkaly çozup girmekden saklandy.


Ysraýyl şu hepde ýüze çykan we Palestina tarapynda azyndan 100 adamyň, şol sanda çagalaryň, Ysraýylda ýedi adamyň ölmegine sebäp bolan zorlukly wakalar netijesinde, Gaza howa zarbalaryny urmak bilen bir hatarda, özüniň howa we gury ýer güýçlerini serhet ýakasynda toplaýandygyny aýtdy.


Ysraýyl goşuny twitterde artilleriýa we howa zarbalarynyň Hamaza garşy alnyp barylýan operasiýanyň bir bölegidigini aýtdy, ýöne biraz soň sözüni anyklaşdyryp, öz goşunlarynyň Gaza girmändigini belledi.


Gapma-garşylygyň gowşamazlygy netijesinde, Ysraýyly mähelle zorluklary gaplap aldy we hem araplar, hem  ýewreýler gazaply urlup ýenjildi.


Goranmak ministri Benni Gantz içerki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin howpsuzlyk güýçleriniň üstüni ýetirip, ony "düýpli güýçlendirmegi" buýurdy.


Bu söweşler musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen belleýän Oraza baýramynyň mazasyny gaçyrdy.


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi çaknyşyklary togtamak maksady bilen 16-njy maýda maslahat geçirmegi planlaşdyrsa, müsürli araçylar atyşygy bes etmek maksady bilen Ysraýyla ugradylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *