Türkiýe Gara deňizde goşmaça tebigy gaz goruny tapandygyny aýdýar
Türkiýe Gara deňziň günortasynda goşmaça tebigy gaz goruny tapdy diýip, Rejep Taýyp Erdogan 4-nji iýunda aýtdy.
Prezidentiň sözlerine görä, "Fatih" buraw gämisi bu gaz goruny Sakarya gaz ýatagyndaky Amasra-1 çukuryndan tapypdyr.
135 milliard kub metr hasaplanýan goşmaça tebigy gaz sebitde tapylan umumy gaz ätiýaçlygynyň möçberini 540 milliard kub metre ýetirýär.
Şeýle-de, Erdogan bu sebitde has köp gazyň ýüze çykarylmagynyň mümkindigini aýtdy.
Bu buraw gämisi geçen ýyl ýurduň Sakarya ýatagyndan 405 milliard kub metr hasaplanýan tebigy gaz tapdy.