BSG ösýän ýurtlara COVID waksinalaryny gowşurmakda baý ýurtlardan kömek soraýar
Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) başlygy ýene-de baý ýurtlaryň ýolbaşçylaryny BMG tarapyndan goldanýan COVID-19 waksina planyna görä, ösýän ýurtlar üçin sanjymlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga kömek etmäge çagyrýar.
Baý ýurtlaryň "Uly-7" toparynyň liderleri şu hepdäniň ahyrynda Brtaniýada duşuşarlar, bu ýerde pandemiýa we garyp ýurtlar üçin sanjymlar meselesini sazlaşykly çözmeklik gün tertibinde bolar.
BSG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus 7-nji iýunda has köp pul soramak baradaky haýyşyny täzeden öňe sürdi we dünýäniň garyp ýurtlaryna ynsanperwer kömegini yglan etdi.
"Bir iki taraply pandemiýany görýäris" -diýip, Tedros Gebreýesus Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere aýtdy.
"Ilkinji COVID-19 sanjymlaryň ulanylyp başlanmagyndan alty aýda ýokary girdejili ýurtlar dünýädäki waksina dozalarynyň 44% eýe boldy. Pes girdejili ýurtlara bary-ýogy 0,4% ýetdi" diýip BSG-niň baş müdiri aýtdy.