Belarus hökümdarynyň sag goly işinden çekilýär
Lukaşenka 11-nji iýunda Minskdäki prezident köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda Şaýmanyň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi, ýöne 63 ýaşly emeldaryň “daşa gitmeli däldigini we zerur ýerinde goldaw bermelidigini” aýtdy.
Ýaňy-ýakynda hem prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Şaýmanyň näme üçin işinden aýrylandygy belli däl.
Şeýman Lukaşenka 1994-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri dürli ýokary derejeli howpsuzlyk wezipelerinde, onuň bilen el-ele berip işledi.