Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýdeniň ÝB bilen duşuşygynda söwda dartgynlylygy, howa we Orsýet bilen bagly meselelere seredilýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen söwda, howanyň üýtgemegi we Russiýa bilen Hytaýyň gitdigiçe tutanýerli pozisiýalarynyň öňünde bitewi front döretmek barada gepleşikleri geçirýär.


Iki tarapyň hem ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň dolandyryşy astyndaky dartgynly ýyllardan soň trans-atlantik gatnaşyklarynyň täzeden başlanmagyna tagalla etmegine garaşylýar.


Taraplar birnäçe söwda dawasyny aradan aýyrmaga synanyşarlar, şol sanda 17 ýyl dowam edýän “Airbus” we “Boeing” uçarlarynyň üstündäki dawasyna serederler diýlip garaşylýar. Her tarap garşydaşyny içerki uçar öndürijilerine bikanun subsidiýa bermekde aýyplaýar. Diplomatik çeşmeleriň habaryna görä, geljek aýda şertnama baglaşylar.


Has kyn mesele, 2018-nji ýylda Trampyň Ýewropa we beýleki ýakyn hyzmatdaşlaryna polata 25% we alýuminiýa 10% salgyt girizmegine degişli.


Baýden 16-njy iýunda Putin bilen Ženewada boljak duşuşygyndan ozal Russiýa garşy alyp barýan tagallalary üçin Ýewropanyň goldawyny almak isleýär. 27 ýurtdan ybarat blok, ÝB-niň iň uly tebigy gaz üpjünçisi bolup, Eýranyň ýadro şertnamasy, Siriýadaky hem Liwiýadaky konfliktler ýaly halkara meselelerde möhüm rol oýnaýan Russiýa çemeleşmek meselesinde bölünýär.


ABŞ-nyň ÝB sammitiniň ahyrynda Hytaýyň prowokatiw häsiýetleri baradaky aladalary çözmek beýannamasyny yglan etmegine garaşylýar.


Şeýle-de, sammitiň Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň Trampyň ýurdy Pariž şertnamasyndan çykaryp, daşky gurşaw kadalaryny ýatyrandan soň, howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyga gaýdyp gelmegini hem alamatlandyrýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *