Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň pes derejede wagtynda, Baýden we Putin ilkinji sammitde duşuşýar

ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň pes derejede wagtynda, Baýden we Putin ilkinji sammitde duşuşýar

Russiýa – ABŞ gatnaşyklary Sowuk uruşdan soňky geçen döwrüň dowamynda iň pes derejesinde galýan wagty, 16-njy iýunda Jo Baýden we Wladimir Putin Ženewada ilkinji sammitde duşuşýar. Duşuşyk ABŞ prezidentiniň rus kärdeşiniň ganhordygyna ynanýandygyny aýtmagyndan bary-ýogy bir aý soň geçirilýär.

Şeýle-de, duşuşyk Putiniň Alekseý Nawalny ýaly oppozisiýa aktiwistlerini gysyp, hem-de garaşsyz mediany we hökümete degişli bolmadyk guramalary bogup, ýurduň syýasatynda agalygy berkidýän wagtyna gabat gelýär.

Baýdeniň metbugat sekretary Ak tamyň “ne Russiýa bilen gatnaşyklary täzelemäge, ne-de möwjetmäge synanyşýandygyny” aýtdy. Ýöne, şol bir wagtyň özünde, Baýden özünden öňki prezident Donald Trampdan has ýiti daraşýar.

Wezipä girişeli bäri, Baýden Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň iki tapgyryny girizdi. Ýöne ol “Täze START” ýarag gözegçiligi şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmagy bilen ylalaşdy we Demirgazyk akymy 2 gaz geçirijisiniň tamamlanmagyna böwet bolmakdan ýüz öwürdi. Bu gaz geçiriji Russiýanyň Germaniýa iberýän gazynyň möçberini artdyrar, Ukraina tölenýän üstaşyr gaz geçiriji tölegleriniň möçberini azaldar.

Putin bu sammite “Beýik güýçleriň” duşuşygy hökmünde garaýar. Bu onuň Sowetleriň güýjüne besleýän nostalgiýasynyň beýanydyr. Şeýle-de, Putin üçin bu sammit Russiýanyň global ähmiýetli meselelerde ABŞ bilen egin-egine rol alýandygyny görkezmegiň bir usuly bolup durýar.

Baýden Ženewa 15-nji iýunda bardy. Putiniň Soçiden asmana göterilen uçary Ženewa 16-nji iýunda günortan gondy.

Duşuşykdan birnäçe sagat ozal Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Putiniň Baýden bilen geçirjek gepleşikleriniň “aňsat bolmajakdygyny” ýa-da haýsydyr bir uly üstünlik bilen netijelenmejekdigini aýtdy.

“Biziň aramyzda köpden bäri ünsden düşürilen içgin soraglar bar. Şol sebäpden prezident Putin meseleleri aç-açan we konstruktiw gozgamak üçin hem-de olara çözgüt tapmaga synanyşmak üçin gelýär” diýip, Peskow aýtdy.

Duşuşygyň gün tertibi ýaraglara gözegçilik, kiberjenaýatçylyk, içalyçylyk, howanyň üýtgemegi, COVID-19 ýaly meseleleri öz içine alýar.

Putin sammitiň çägine girizilmejek meseleleriň ynsan hukuklary we raýat jemgyýeti babatynda özüne bildirilýän tankydy belliklerdigine yşarat etdi.

Bu geçen ýyl Nawalnynyň janyna kast edilmek synanyşygyny öz içine alýar. Nawalny Putiniň iň başarnykly syýasy garşydaşlarynyň birine öwrüldi.

Nawalnynyň sowetler döwründe oýlanyp tapylan we halkara şertnamalar tarapyndan gadagan edilen güýçli nerw agenti bilen nyşana alynmagy barada nemes we halkara barlaghanalarynyň tapan subutnamalary, şol bir wagtyň özünde Kremliň Nawalnyny tussag etmek barada gelen netijesi Günabatarda köpleri geň galdyrdy. Nawalnynyň tarapdarlary onuň gülkünç bahanalar bilen tussag edilendigini aýdýarlar.

14-nji iýunda NATO-nyň Brýusseldäki baş binasyna eden saparynda Baýdenden öňümizdäki sammit barada, hususan-da Nawalny barada sorag soraldy.

“Nawalnynyň ölümi Russiýanyň esasy ynsan hukuklaryny berjaý etmek niýetiniň azdygyny ýa-da ýokdugyny görkezýän ýene bir alamat bolar” diýip, ol aýtdy. 'Bu tragediýa bolar. Munuň dünýä bilen, meniň bilen gatnaşyklara zyýan ýetirmekden başga zada peýdasy degmez' diýip, sözüne goşdy.

Baýdeniň Nawalny meselesini gozgamakda üstünlik gazanyp biljekdigi ýa-da däldigi gümana.

“Siz biziň syýasy sistemamyza başga ýoldan baha berip bilersiňiz” diýip, Putin 4-nji iýunda birnäçe halkara habar agentliginiň redaktorlaryna aýtdy. “Gaýrat ediň, biziň öz durmuşymyzyň şu böleginiň nädip guramalaşdyrylmalydygyny özümiziň kesgitlemegimize bir rugsat beriň!” diýip, ol aýtdy.

Kremliň öňdebaryjy daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakow gepleşikleriň gün tertibinde ýadro durnuklylygynyň, howanyň üýtgemeginiň we kiberjenaýatlaryň bardygyny 14-nji iýunda Moskwada habarçylara aýtdy.

Ýöne ol hem gepleşiklerden köp zada garaşmaýandygyny yşarat etdi. Bu ýagdaý iki tarapyň, adatça bolşy ýaly bilelikde metbugat ýygnagyny geçirmegiň deregine, aýry-aýry metbugat konferensiýalaryny geçirmek barada gelen karary bilen tassyk bolýar.

“Men nähilidir bir ylalaşygyň gazanyljakdygy barada ynamly däl” diýip, Uşakow aýtdy. “Hany göreliň, bilemok. Men bu duşuşyga optimist garaýaryn, ýöne kän däl” diýip, ol sözüne goşdy.

ABŞ-nyň Aňtaw gulluklary Russiýanyň Daşary aňtaw gulluklarynyň ABŞ hökümetiniň onlarça kompýuter ulgamyna girendigini öňe sürenden soň, Ak tam kiber jenaýaty derwaýys meselä öwürdi.

Töleg talap edýän bir topar zyýanly programma hüjümleri ABŞ resmilerini gorkuzdy. Resmiler bu hüjümleri amala aşyrýan jenaýat toparlarynyň köpüsiniň Russiýada ýerleşýändigini we rus häkimiýetleriniň olary togtatmak üçin az iş edýändigini aýdýarlar.

Putin, eger Waşington hem şeýle etse, kiberjenaýatçylary ABŞ-a bermegiň meselelerine özüniň seredip biljekdigini aýtdy, başga jikme-jiklik bermedi.

Uşakow hem birek-biregiň ýurtlarynda türmede saklanýan ABŞ we rus raýatlarynyň ykbalynyň hem duşuşygyň gün tertibinde bolup biljekdigini aýtdy. ABŞ resmiler birnäçe aý bäri iki ABŞ raýatynyň, deňiz güýçleriniň öňki gullukçylary Pol Wilanyň we Trewor Ridiň boşadylmagy üçin basyş edip gelýär. ABŞ resmileri olaryň toslama aýyplamalar bilen tussag edilendiklerini aýdýarlar.  

Russiýa öz raýatlarynyň ABŞ-da tussag edilmeginden ýyllarboýy şikaýat edip gelýär. Olaryň köpüsi üçünji ýurtlarda tussag edildi we Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi.

Moskwanyň has köp üns berýän tussaglarynyň arasynda höküm çykarylan ýarag gaçakçysy Wiktor Bout we öňki pilot Konstantin Ýaroşenko bar.

Iki ýurduň ilçileriniň birek-biregiň paýtagtlaryna gaýtarylmagy babatynda iki lideriň ylalaşmagy meselesine bilermenler has optimist garaýarlar.

“Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle kyn şertlerinde amala aşyrylýan ilkinji duşuşykdyr. Meniň pikirimçe, iki tarap hem emele gelen zir-zibili arassalap başlamagyň wagtynyň gelendigine düşünýändir” diýip, Uşakow aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Расчистка неба для F-16 началась, чем ответит Россия?

Пименов: «У «Спартака» в Кубке два соперника, которые не переваривают красно-белые цвета»

«Без него человек бы «растекся»: диетолог Соломатина рассказала о пользе зеленого лука

«Ведьма» за миллион: Алёна Полынь и её бизнес на магии

Музыкальные новости

Глава Следкома России Александр Бастрыкин вступился за полицейского, которого выживают из МВД за случайное уbийство азербайджанца

«Локомотив» готов рассмотреть продажу Баринова, футболистом интересуются клубы Испании, Франции и Турции

«Виртуальный Западный Азербайджан» - кладезь фальсификаций

"Евро-Футбол.Ру": "Спартак" летом хочет приобрести вингера

Новости России

Гидрометцентр сообщил о дожде, грозе и граде в Москве 11 июня

Полиция готовится «принять» Элджея на концерте в Новосибирске

Экспонаты выставки «Наш Пушкин» появились в виртуальном музее

В доме 1984 года у Ромашкового леса начался капремонт по современной технологии

Экология в России и мире

Немцы решили элегантно кинуть турецкие отели: гостиницы Анталии уже в шоке и угрожают массовыми удержанием туристов

Производители кроссовок New Balance и Under Armour подали около 1000 исков к российским продавцам

Адские цены на Сочи и Анапу заставили российских туристов найти новые пути экономии

Пошив костюма по индивидуальным размерам

Спорт в России и мире

Тарпищев о Медведеве и Рублеве: без травм сыграют в Париже лучше, чем в Токио

«Мирра Андреева обладает удивительной выживаемостью» // Олимпийская чемпионка по теннису Елена Веснина об итогах женского Roland Garros

Калинская поддержала Синнера после поражения на "Ролан Гаррос"

Зверев и Рууд не пожали друг другу руки после полуфинала «Ролан Гаррос» – из-за проблем с желудком у норвежца

Moscow.media

Вечерело...

Любимый внедорожник россиян стал еще доступнее: известна цена

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Мост в Нагатинском затоне соединил берега







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *