Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistanda ýüpekçiler pile oruna pul tabşyrdylar

Özbegistanda ýüpekçiler pile oruna pul tabşyrdylar

Özbegistanda ýüpek gurçugyny idedýän daýhanlar pile şertnamasyny diňe kagyz ýüzünde amala aşyrdylar diýip habar berildi. Daýhanlar öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, bir kilo piläniň ornuna 20-25 müň sum (2 - 2,4 dollar) tölemeli bolandyklaryny aýdýarlar.

«Uzbekipaksanoat» birleşiginiň wekili ýüpek gurçuklaryndan pile almak baradaky öz borçnamasyny dolmakda, ýüpekçi daýhanlardan pile ornuna pul ýygnalandygyny inkär etmeýär.

Azatlyk bilen habarlaşan daýhanlardan biri, şu ýyl Surhanderýa welaýatynyň Jarkurgan etrabynda ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirmek borçnamasynyň diňe “kagyz ýüzünde” amala aşyrylandygyny aýdýar.

– Maşgala şertnamasy esasynda işleýän bagban-daýhanlara 1-2 guty ýüpek gurçugyny paýlap berildi. Elbetde, zor bilen berilýär. Daýhanda tut bolmasa, gurçugy näme bilen eklesin? Daýhanlar ýüpek gurçuklarynyň tohumyny suwa taşladylar. Hiç kim diýen ýaly gurçuk saklap bilmedi. Indi her kim pile ornuna pul tabşyrýar, şeýlelik bilen pile borçnamasyny ýerine ýetirýär. Her daýhan 90 sotok ýeri üçin, 450 000 sum (42 dollar) töleýär. Bir gallaçy daýhan bolsa jemi 17 million suma ($1,6 müň) pile satyn alyp, öz karzyny üzüpdir. Olar her kilo piläni 22 - 25 müň sumdan satyn alýarlar – diýip, gürrüňdeşimiz Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Namangan welaýatynyň Pap etrabyndan adynyň aýdylmazlygyny isleýän bir daýhan hem pile borçnamasyny dolmak üçin, pul töländigini ýaşyrjak bolman, Azatlyga gürrüň berdi.

– 15-nji aprelden ýüpek gurçuklaryny idedip başladyk. Ýüpek gurçugynyň tohumy daýhanlaryň ýer çägine görä paýlandy. Meniň her 5 gektar ýerim üçin, 1 guty gurçuk berildi. Ýöne bu-da "tanyşlyk üsti bilen" edildi. Käbirlerine ýeri köp bolsa-da, az berildi. Men bir topar bilen işleýänim üçin, gurçuk idetmäge wagtym ýok, şoňa görä gurçuk idetmäge, hakyna adam tutdum. Her guty gurçuk üçin 300 müňden 700 müň sum (28-66 dollar) aralygynda pul töledim. Bu baha işgär bilen baglaşan şertnamamyza baglylykda üýtgeýärdi. Pile saýlamak 20-nji maýda başlandy. Bu ýyl gurçuk keseli sebäpli hasyl az boldy. Borçnamany dolup bilmedim. Borçnama boýunça berilmedik her kilogram piläni 25 müň sumdan satyn almaga mejbur boldum. Men pileden peýda däl, diňe zyýan çekdim.

Pap etrabynyň administrasiýasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen habarda şu ýyl sebitde "ýokary hilli pile hasyly alyndy" diýilýär.

«Uzbekipaksanoat» birleşiginiň wekili pile borçnamasyny dolup bilmedik daýhanlardan pul ýygnalandygyny inkär etmeýär.

– “Azatlyk”, siz her ýyl bu hakda ýazmakdan ýadamadyňyzmy? Şundan başga bir ýerde, bikanun bolýan ýagdaýy tapyp bilmediňizmi? Goý, daýhan pul däl-de, pile tabşyrsyn! Hiç kim olardan borçnamadan artyk pile talap edenok. Olardan diňe borçnamany ýerine ýetirmek talap edilýär – diýip, wekil Azatlyk bilen gürleşende aýtdy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 2017-nji ýylyň 29-njy martynda ýüpekçilik pudagyny özgertmek we täzeden guramak maksady bilen Uzbekipaksanoat birleşigini döretmek barada karar kabul etdi.

Şol karara laýyklykda, 2021-nji ýyla çenli Özbegistanda pile önümçiligini 50% ýokarlandyrmak meýilleşdirildi.

2020-nji ýyldan başlap, dört möwsümde ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutuldy we jemi 21 müň tonna pile almak meýilleşdirildi.

Geçen ýylda kabul eden "Özbegistan Respublikasynda ýüpekçiligi we garakölçüligi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça goşmaça çäreler baradaky" prezident kararyna laýyklykda, guramalaryň ýüpek gurçugy üçin çykdajylary býujetden tölenmeli edilipdi.

Kanun boýunça, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli, öýde ösdürilip ýetişdirilen pileler girdeji salgydyndan boşadylýar.

Resmi maglumatlara görä, Özbegistan ýüpek süýümini öndürmekde, Hytaýdan hem Hindistandan soň dünýäde üçünji orunda durýar, şeýle hem jan başyna düşýän ýüpek önümçiliginde dünýäde iň öňdebaryjydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Свыше 2,5 тысяч человек приняли участие в Соборном богослужении на Бутовском полигоне

В Подмосковье снизилось число мусорных навалов на контейнерных площадках

«Ласточки» Нижний Новгород – Иваново перевезли почти 80 000 пассажиров за год

В Котельниках под благоустройство ЖК выкуплена областная земля

Музыкальные новости

Хозяйка «голой» вечеринки Анастасия Ивлеева открывает в Москве азиатский ресторан

Артисты – они все особенные!

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

Сергей Собянин: Городские вокзалы объединяют маршруты

Новости России

Ученые США нашли новый способ борьбы с депрессией. Оказалось, это банные процедуры

Ефимов: в Восточном Дегунине реорганизуют три земельных участка по программе КРТ

В Котельниках под благоустройство ЖК выкуплена областная земля

Свыше 2,5 тысяч человек приняли участие в Соборном богослужении на Бутовском полигоне

Экология в России и мире

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

Спорт в России и мире

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Moscow.media

Завершен пятый этап надвижки моста через Каму

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

На орловской трассе столкнулись микроавтобус «УАЗ» и тягач «Scania», груженный дисками вагонных колес

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *