Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Sadyr Japarow resmi sapar bilen Täjigistana we Türkmenistana barýar

28-29-njy iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow resmi sapar bilen Täjigistana barýar. Bu barada 24-nji iýunda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.


Sadyr Japarowyň metbugat gullugy amala aşyryljak sapary tassyklady. Onuň maglumatlaryna görä, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we gyrgyz-täjik serhedi bilen bagly meseleler maslahatlaşylar.


Japarow Täjigistana etjek saparynyň öňüsyrasynda, 27-28-nji iýunda resmi sapar bilen Türkmenistana barar. Ol Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen giňeldilen görnüşde we ikiçäk gepleşikleri geçirer.


Japarow prezident hökmünde Täjigistana ilkinji gezek sapar edýär. 30-njy aprelde iki ýurduň döwlet baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, iki ýurduň ýurduň serhedindäki ýaragly çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gyrgyz prezidentiniň resmi web-saýty döwlet baştutanlarynyň şu ýylyň maý aýynda Duşenbede ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi. Bu söhbetdeşligiň ertesi güni prezidentler ýene-de bir gezek jaňlaşyp, serhetdäki ýagdaýy durnuklylaşdyrmak barada pikir alyşdylar.


Ýatlasak, 28-30-njy aprelde Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk bolup geçdi. Resmi maglumatlara görä, çaknyşyklarda 189 gyrgyz raýaty ejir çekdi, olardan 36 adam, şol sanda iki çaga öldi. Täjik häkimiýetleri çaknyşyklarda 19 adamyň ölendigini we 87 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.


Serhetdäki çaknyşyk bilen bagly iki ýurt birek-biregi aýyplady, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gözegçilik edaralary agyr maddalar esasynda jenaýat işini gozgady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *