Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Demirgazyk Owganystan: “Talyban” öz çägini giňeldýärler. Söweşler sagat saýyn üýtgäp dur

Demirgazyk Owganystan: “Talyban” öz çägini giňeldýärler. Söweşler sagat saýyn üýtgäp dur

“Talyban” söweşijileri Demirgazyk Owganystanda basyp alan ýerleriniň çägini giňeldýärler. Talyplar düýn Anthoý etrabynyň Garamgol we Gorgan etraplaryny birbada basyp aldylar. Ýöne strategiki nukdaýnazardan möhüm hasaplanýan Anthoý şäheriniň şu gün “Talyban” hüjümçilerinden yzyna gaýdyp alnandygyny ýerli resmiler aýtdylar.

Bu barada Farýap welaýatynyň polisiýa edarasynyň metbugat wekili Abdul Kerim Ýuruş Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Düýn yza çekilen owgan güýçleri Anthoý etrabyna ýene hüjüme geçipdirler hem Anthoý şäherini hökümet harbylary gabaw astyna aldylar. Onlarça “talyban” ýaraglylary owgan güýçleriniň gabawyna düşdi” diýip, Ýuruş belledi.

Şol wagtyň özünde “Talyban” Anthoý etrabyna özleriniň henizem eýeçilik edýändigini aýdýarlar. Olar Akgine benderine tarap hem hüjüme başlandygyny habar berýärler.

Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň käbir etraplaryny hem “Talyban” söweşijileri basyp aldy. “Etraplary owgan güýçleri söweşsiz ýagdaýda “Talyplara” tabşyrdylar” diýip, ýerli ilat närazylyk bildirýär.

Balh welaýatynyň etraplarynyň köp bölegi hökümet güýçleriniň elinden gitdi. Mazary-Şerif şäheriniň eteklerinde “Talyban” jihädçileri hereket edýärler. Balh welaýatynyň öňki häkimi we “Jemgiýeti islamy” partiýasynyň Nur toparynyň başlygy Ata Muhammetnur bu welaýatyň ýaşaýjylaryny talyplara garşy göreşe çagyrdy.

Ol öz tarapdarlaryna ýüzlenip, olaryň ýaraglaryny ýokary galdyrmagyny sorap: “Ildeşler, ýaraglaryňyzy belent tutuň!” diýip gygyrdy.

Amyderýa arkaly Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän Kelder hem-de Şordepe etraplaryna-da “Talyban” güýçleri hüjüm etdiler. Birnäçe harby postlary “Talyban” güýçleri basyp aldy.

Etraplary ýarymresmi türkmen ýaragly toparlary talyp hüjümçilerinden gorap gelýär. Şoňa garamazdan, ýarymresmi türkmen ýaragly toparlaryny hökümetiň ok-ýaraglar we harby enjamlar bilen üpjün etmeýändigine legendar türkmen komandiri Muhammet Nebi Güýçli örän nägilelik bildirýär.

– Bize hökümet agyr ýaraglar bersedi – diýip, komandir Güýçli owgan hökümetinden sorandygyny aýtdy. – Bizlere bolup duran hiç bir ýardam ýok.

Kelder we Şordepe etraplary Haýratan benderiniň iki tarapynda ýerleşýär. Bu iki etrabyň ýaşaýjylary hem umuman, türkmenlerdir. Kelder etrabyndaky harby bazalary hem harby postlary jeňçileriň basyp alandygyny komandir gürrüň berdi.

Wagtynda ýardam bolmasa, onda Kelder we Şordepe etraplarynda ýaşaýan halkyň heläkçilige uçrajakdygyny komandir Muhammet Nebi Güýçli duýdurýar.

– Postlar elden gitdi, atyşygam bar – diýip, ol aýdýar.

“Talyban” güýçleri ykdysady taýdan möhüm bolan benderleri basyp almaga synanyşýarlar. Şirhan benderini talyplar basyp aldy. Şirhan benderi Owganystan bilen Täjigistanyň arasynda uly ähmiýete eýe bolan serhet geçelgesidir.

Haýratan benderini hem basyp almak üçin jeňçiler jan edýärler. “Şol sebäpden “Talyban” söweşijileri Haýratan benderiniň iki ýanynda ýerleşen Şordepe we Kelder etraplaryna toplanýarlar” diýip, ýerli bilermenler aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Грубая фальсификация Баку: Уничтожающий собственный народ Азербайджан обвиняет армян

В Измайловском парке Москвы замечены занесенные в Красную книгу тритоны

Не оттягивайте роды — российские медики бьют тревогу

Электромобили и электробусы: Россия вводит обязательное условие для госзакупок

Музыкальные новости

Дизайнер Наталья Душегрея выпустила капсульные коллекции Весна-Лето 2024

Благотворительный Вечер в «Геликон-Опера»: Искусство во Имя Добра

Заявление Союза армян России

В Штабе «Единой России» детям рассказали о правилах безопасного отдыха

Новости России

Мари-Франс Дюбрей поставила новую произвольную программу Каори Сакамото

Пострадавших в результате ЧП на участке Сокольнической линии в Москве нет

Спрос москвичей на кондиционеры и вентиляторы на маркетплейсах увеличился в несколько раз в мае

Любители активного образа жизни встретились на фестивале по северной ходьбе в Клину

Экология в России и мире

Глава Реутова проверил содержание территории города

ONYX отправляется в Большой тур по России

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

Спорт в России и мире

Елене Рыбакиной поставили неожиданный «диагноз»

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Теннисистка Петрова: Хачанов совершил недопустимую ошибку на "Ролан Гаррос"

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Moscow.media

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

В Челябинской области трансгендеру вынесен приговор за поджог военкомата

Губернатор ХМАО Комарова объявила, что уходит в отставку

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *