'Talyban' has köp owgan esgerini Täjigistana gaçmaga mejbur edýär
Owganystanyň hökümet güýçleriniň esgerleriniň ýene bir topary "Talyban" söweşijileriniň Owganystanyň demirgazygyndaky hüjümleriniň netijesinde serhetden geçip, Täjigistana gaçdy.
Täjigistanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, 27-nji iýunda "Talyban" söweşijileriniň Balh welaýatynyň Kaldor etrabynyň Çukçuk şäherinde ýerleşýän serhet gözegçilik nokadyna hüjüm edensoň, 17 owgan esgeri Täjigistana gaçypdyr. Bu barada Täjigistanyň döwlet serhet gullugy habar beripdir.
"Täjigistanyň serhetçileri ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanyp, döwlet serhedinden geçen owgan goşunyna öz territoriýalaryna erkin girmäge rugsat berdiler" -diýip, "Howar" döwlet agentligi habar berdi.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan 11-nji sentýabrda bellenen möhletden ozal yza çekilýärkä , "Talyban" soňky hepdelerde hökümet güýçlerine garşy söweşini güýçlendirip, onlarça etraby ele geçirdi.
27-nji iýunda "Talyban" söweşijileri merkezi Meýdan Wardak welaýatynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 50-den gowrak wekilini ýesir aldy.
Geçen hepdede "Talyban" Owganystanyň Täjigistan bilen esasy serhet geçelgesini ele geçirdi we demirgazykdaky Gunduz we Mazar-e Şerif şäherlerine hüjüm etdi.
BMG-nyň Owganystandaky ýörite wekili Debora Lyons maý aýyndan bäri "Talybanyň" ýurduň 370 etrabynyň 50-den gowragyny basyp alandygyny aýtdy we çaknyşygyň güýçlenmeginiň" golaýdaky we uzakdaky ýurtlar üçin howpsuzlyk problemasynyň agyrlaşmagyny aňladýandygyny aýtdy.