Gazak polisiýasy ýokarlanýan inflýasiýa we hytaý maýalary boýunça geçirilýän protesti dargatdy
Gazagystanyň iň iri şäherinde ýokarlanýan bahalara we hytaý täsirine protest bildirmek üçin geçirilen kiçi göwrümli demonstrasiýa polisiýa bilen bolan dawa-jenjelden soň gutardy.
Almatynyň merkezinde 6-njy iýulda geçirilen rugsat berilmedik demonstrasiýa Gazagystanyň oppozisiýa Demokratik partiýasyny döretmäge çalyşýan bir toparyň lideri Žanbolat Mamaý tarapyndan guramalaşdyryldy.
Onlarça tarapdar Mamaýa goldaw bermek üçin geldi. Olar heniz hem perdäniň aňyrsynda ýurdy dolandyrýar hasaplanylýan öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewe “terk et” diýip, gygyryşdylar.
Protest Paýtagt gününe gabat geldi. Paýtagt güni Nazarbaýewiň doglan gününe gabat gelýär. Ol 81 ýaşady.
Mamaý zerur durmuş harytlarynyň bahalarynyň resmi inflýasiýa maglumatlary bilen deňeşdirilende çalt ýokarlanýandygyny öňe sürdi we hökümeti ýurdy Hytaýa has çuň garaşly goýmakda aýyplady.
Polisiýa protestçileri rugsat berilmedik ýörişi bes etmäge çagyrdy we olaryň hereketini petikledi. Bu bolsa dawa-jenjele ýola açdy.
Mamaýyň aýaly Inga Imanbaýa görä, polisiýa bilen ýakalaşykda birnäçe adam sähel ýaralandy, azyndan üç adam tussag edildi.