Moskwanyň günorta-gündogarynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy
12-nji iýuldan 13-nji iýula geçilen gije Moskwanyň günorta-gündogarynda, “Kuzminki” metro stansiýasynyň golaýynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy. Bu barada kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp, TASS, “Interfaks” habar berýär. Şeýle-de, bu maglumaty Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Moskwa bölüminiň metbugat gullugy RBK habar agentligine tassyklady.
Dürli maglumatlara görä, uruş-dawalara 50 adamdan 200 adama çenli adam gatnaşdy. “Interfaks” “özara şahsy duşmançylyk”sebäpli turan dawa-jenjeliň, ähtimal, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan zähmet migrantlarynyň arasynda bolandygyny habar berýär. “Moskowskiý komsomoles” çaknyşyklara Gyrgyzystandan we Täjigistandan 180 töweregi migrantyň gatnaşandygyny habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, 11-nji iýulda Himkide täjikler bilen bolan çaknyşykda iki gyrgyzystanly pyçak bilen ýaralanýar, olaryň watandaşlary ar almak isleýär we şeýdip hem köpçülikleýin uruş-dawa turýar. Soňra “Moskowskiý komsomoles” 102 adamyň saklanandygyny habar berdi. Saklananlaryň arasynda Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň raýatlary, iki türkmenistanly, iki azerbaýjanly we Dagystanyň üç ýaşaýjysy bar.
TASS-yň çeşmesi kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň çaknyşyklara gatnaşan 15 adamy saklandygyny habar berdi. “Interfaksyň” çeşmesi 20 adamyň saklanandygyny aýtdy.
Şeýle-de, habar gulluklarynyň maglumatlaryna görä, çaknyşyklaryň netijesinde birnäçe adam pyçak bilen ýaralanypdyr, olar hassahana ýerleşdirilipdir. “Interfaks” ejir çekenleriň esasan tyg we gök ýarasyny alandygyny habar berýär.