Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen wekiliýeti Daşkentde halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 16-njy iýulda  Daşkentde “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýärtürkmen wekiliýe.


Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekil gatnaşdy. 


Maslahatyň açylyşynda gatnaşyjylar Özbegistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň, Pakistanyň premýer-ministriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekiliniň – Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidentiniň giriş çykyşlaryny diňlediler.


Mejlisiň barşynda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýada sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler, özara hereketleri giňeltmäge çagyrdylar, özara baglanyşygy ilerletmek ugrundaky infrastruktura taslamalarynyň geljegine baha berdiler.


Mundan başga, şol gün Daşkentde sebitiň  daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky dördünji mejlisi hem geçirildi.


Oňa Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Orsýetiň daşary işler ministrleri Muhtar Tleuberdi, Sirojiddin Muhriddin, Raşid Meredow, Sergeý Lawrow we Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nurlan Niýazliýew dagy gatnaşdy.


Taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri maslahatlaşyp, sebit howpsuzlygy, hususan-da Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşdylar.


Raşid Meredow öz çykyşynda formatyň döwletleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň netijeliligini, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginini belledi diýip, habarda aýdylýar.


Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda parahatçylygy dikeltmegiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly we düýpli ösüşiniň möhüm düzümleriniň biri bolup durýandygyny nygtap,  BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Owganystan baradaky başlangyçlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary güýçlendirmegi teklip etdi, Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmegi maksat edinýän bilelikdäki tagallalary ilerletmäge ähli ýardamy bermäge mundan beýläk-de taýýardygyny belledi.


Sebitiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.


Şeýle-de, wise-premýer Meredow 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.


Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini nygtadylar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *