Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Talyban” Owganystan-Täjigistan serhediniň goragyny "Ansorullah" toparyna ynandy. Mahdi Arsalan kim?

“Talyban” Owganystan-Täjigistan serhediniň goragyny

Owganystanyň Täjigistan bilen serhediniň üçden iki bölegine gözegçilik edýän “Talyban” hereketi goňşy ýurtlara howp salmajakdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, olar Owganystan-Täjigistan serhediniň bir bölegini Täjigistanda gadagan edilen “Ansorullah” toparyna goramagy tabşyrdylar. Toparyň söweşijileriniň köpüsi Täjigistan tarapyndan, halkara gözlenýän sanawyna girizildi.

Owganystanyň demirgazygyndaky wakalara şaýat bolanlaryň biri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Täjigistan serhedindäki ele salnan etraplaryň birinde "Täjigistan talybany" Mahdi Arsalan tarapyndan, “Talyban” hereketiniň baýdagynyň galdyrandygyny aýtdy. Söweşijiler tarapyndan taýýarlanan wideoda sebiti basyp almak operasiýasyna gatnaşan onlarça adamyň Täjigistanyň sebitleriniň biriniň şiwesinde gürleýändigi görkezilýär.

Owganystanda bu topara "Täjigistan talybany" diýilýär, ýöne olar Täjigistanda gadagan edilen “Ansorullah” toparynyň söweşijileri.

Täjigistan bilen serhetdäki owgan serhet postlaryny goramak "Ansorullah" söweşijilerine tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde "Talyban" öz hatarynda daşary ýurt raýatlarynyň bardygyny ret edýär. ABŞ bilen gol çekilen şertnama laýyklykda, bu hereket daşary ýurtly terrorist we radikal toparlar bilen ähli gatnaşyklary bes etmeli. "Talyban" şeýle hem "Al-Kaýda" bilen gatnaşyklaryny kesmäge we guramanyň öýjükleriniň Owganystanda işlemeginiň öňüni almaga söz berdi. 2017-nji ýylda Halkara Syýasy zorlugy we terrorçylygy öwrenmek Merkezi öz hasabatynda “Jamaat Ansorullahyň” “Al-Kaýda” ulgamynyň ýaranydygyny belläpdi. Geçmişde “Ansorullah” söweşijileriniň “Al-Kaýda” wepalydygy barada kasam içýän wideolary sosial ulgamlarda ýerleşdirilipdi.

Bir derýanyň iki kenary

Täjigistan bilen serhetde “Talyban” baýdagyny galdyran Mahdi Arsalan ol ýerdäki bäş owgan etrabynyň "emiri" saýylýar. Bu etraplar Täjigistan bilen serhetleşýär, iki ýurdy diňe Penç derýasy bölýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Mahdi Arsalanyň Täjigistanyň gündogaryndaky Nurabad sebitiniň Şerbegiýon obasyndan bolan Muhammad Şarifowyň lakamydygyny aýdýarlar.

Täjigistan serhet goşunlarynyň wekili ozal owgan kärdeşleriniň Muhammad Şarifowyň ýolbaşçylygyndaky "Täjigistan talybanlarynyň" Täjigistan bilen serhetde ýerleşendiklerini aýdanyny mälim etdi. Çeşme Owganystan-Täjigistan serhediniň "Darwaz" bölegini goramagyň Mahdi Arsalana ynanylandygyny tassyklady. "Häkimiýetler Täjigistanyň 200-e golaý raýatyny ýa-da “Täjigistan talybany "diýilýänlerden köpüsini tanaýar" diýip, ol sözüne goşdy.

Ýatlatsak, bir toplum “Talybanyň” Owganystanyň Badahşan welaýatynyň Maýmaý (Ýokarky Darwaz) sebitindäki owgan polisiýa postuna eden hüjüminde, 24 owgan esgeri öldürilipdi. Ýörite täjik şiwesinde gürleýän söweşijiler "Fathi raýoni Moýmaý" ("Maýmaý sebitiniň basylyp alynmagy") atly 10 minutlyk film taýýarlap, sosial ulgamlarda ýaýratdylar. Az salymdan Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň bir çeşmesi wideo ýazgyda Maýmaý etrabynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň öldürilmegine gatnaşan 10 söweşijiniň şahsyýetini anyklandygyny habar berdi. Olaryň arasynda Muhammad Şarifow hem bardy.

Owganystanyň Darwaz sebitiniň ýolbaşçysy general Kadyr Safo Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bu söweşijileriň ählisiniň “Talyban” tarapynda söweşýän “Ansorullah” toparynyň agzalarydygyny aýtdy. “Toparyň söweşijileriniň birnäçesi Maýmaý söweşinde öldürildi, biz olaryň şahsyýetini anykladyk. Şeýle hem olaryň ýerli owgan aýallaryna öýlenendigini bildik" diýip, owgan generaly aýtdy.

Kadyr Safo "Täjigistan talybany" öz hataryna watandaşlaryny işjeň çekýändigini-de aýtdy. “Söweşijileriň Täjigistanyň raýatlaryny alýandygyny bilýäris. Şu ýazda Täjigistanyň raýatlarynyň arasynda dokuz adamyň döwlet serhedinden geçip, “Talybana” goşulandygy barada maglumat aldyk. Bu maglumatlary Täjigistan konsullygyna iberdik. Gyş we ýaz aýlarynda köp täjigistanly “Talyban” hataryna goşuldy" diýip, Darwazyň ýolbaşçysy aýdýar.

Täjik söweşijileri tarapyndan döredilen ýeke-täk terror guramasy bolan “Ansorullah” (“Jamaat Ansarullah”) topary Täjigistanda raýat urşy gutarandan (1992-97) gysga wagtdan soň, Pakistanda ýüze çykdy. Topary esaslandyryjy Birleşen Täjigistan oppozisiýasynyň öňki meýdan komandiri Amriddin Tabarow. Bu topara 1997-nji ýylda Moskwada gol çekilen Täjigistanda Parahatçylyk we ylalaşyk baradaky umumy şertnamanyň şertlerini kabul etmedik söweşijiler girdiler. Mahdi Arsalan, ýagny Muhammad Şarifow “Ansorullah” söweşijileriniň ikinji nesliniň wekili.

"Ansorullah" topary Pakistanda we Owganystanda dürli ýyllarda Özbegistanyň Yslam Hereketi, Gündogar Türküstanyň Yslam Hereketi, Yslam Jihad Bileleşigi, “Jundulhalifa”, “Kawkaz Yslam Emirligi”, “Al-Kaýda” ulgamy we “Talyban” hereketi bilen hyzmatdaşlyk etdi. 2019-njy ýylda toparyň esaslandyryjysy Amriddin Tabarowyň iki ogly Owganystandan Täjigistana ekstradisiýa edildi. Olar ABŞ harby güýçleri tarapyndan, 2009-njy ýylda tussag edilipdi we ekstradisiýa edilýänçä Bagramdaky harby bazadaky türmede saklandy. Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä Amriddin Tabarowyň özi 2016-njy ýylda Owganystandaky ýörite operasiýa wagtynda öldürilipdi.

«Talyban» öz hatarynda täjikleriň bardygyny ret edýär, ýöne...

“Talyban” resmisi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu hereketiň hatarynda Täjigistan graždanlarynyň bardygy baradaky maglumatlary ret etdi. Hereketiň metbugat sekretary Zabehulla Mujohid "Talybanyň" Täjigistan bilen dostlukly gatnaşyklary goldaýandygyny we ýaragly söweşijileriň Owganystanyň çäginden goňşy ýurda hüjüm etmegine asla rugsat berilmejekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, demirgazyk etraplar basylyp alnanda-da, “Talyban” Täjigistana gaçyp geçen owgan esgerlerine garşy ot açmandyr. Zabehulla Mujohid: "Täjigistanyň çägine ýekeje okuň hem düşmegini islemedik" diýdi.

Russiýanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow hem hökümet goşunlarynyň ol ýerden gaçanynda, “Talybanyň” Täjigistanyň çägine girmändigini aýtdy. "Gaçyp barýanlar eýýäm Täjigistanyň çägine girende “Talybana” garşy ot açdylar. Emma "Talyban" ähli söweşijilerine Täjigistanyň çägine ot açmazlygy tabşyrdy" diýip, diplomat rus metbugatyna beren interwýusynda aýtdy.

Emma Owganystan bilen serhetleşýän Täjigistan obalarynyň ýaşaýjylary bu söz bilen ylalaşmaýar. Serhet gullugynyň işgäri Amrjon Emomalizoda: "Şol günler çawýan oklar depämizden geçýärdi" diýdi.

Täjigistan häkimiýetleri öz graždanlarynyň “Talybanyň” hatarynda bardygyny birnäçe gezek yglan etdiler, olar radikal hereketiň ýolbaşçylarynyň beren wadalaryna ynanmaýandyklaryny-da aýdýarlar. Ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde prezident Emomali Rahmon Goranmak ministrine Täjigistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhedi has-da berkitmek üçin, 20000 ätiýaçlyk harby gullukçynyň taýýarlyk derejesinde durmagyny tabşyrdy.

Täjigistan Owganystan bilen serhedini goramakda kömek soramak üçin, Russiýa hem kollektiwleýin goranmak şertnamasyna girýän döwletlere ýüz tutdy.

Täjigistanly bilermen Faridun Hodizoda “Ansorullahyň” bir wagtlar “Al-Kaýda” ulgamynyň elindäki kiçijik we ejiz topar bolandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, hatda “Ansorullah” toparynyň baýdagy hem şol terror guramasynyň baýdagyna meňzeýär.

«Aýratyn howply we ýowuz»

Täjigistanyň ýörite gullugynyň maglumatlaryna görä, 26 ýaşly Muhammad Şarifow ýa-da Mahdi Arsalan, ýedi ýyl mundan ozal “Ansorullah” toparyna goşuldy. Onuň kakasy Mirhoja Şarifow Amriddin Tabarowyň egindeşidi. Muhammad Şarifowyň aýal doganlaryndan biri “Ansorullany” esaslandyryjynyň ogullaryndan birine durmuşa çykýar.

Mirhoja Şarifow we onuň bir ogly 2011-nji ýylda Täjigistanyň ýörite gullugy tarapyndan, Mullo Abdullanyň Raşt sebitindäki bölümini ýok etmek üçin geçirilen operasiýa wagtynda öldürilipdi. “Biz Muhammad Şarifowy aýratyn howply we ýowuz söweşiji hasaplaýarys. Onuň bomba ýasamaga ukyplydygy, ähli görnüşli ýaraglary atmagy başarýandygy we kiçi topara ýolbaşçylyk edýändigi bize mälim. Muhammad Şarifow Badahşan welaýatynyň birnäçe sebitiniň ele geçirilmegine gönüden-göni gatnaşdy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Nurabad etrabynyň Şerbegiýon obasynda bu maşgalany hemmeler tanaýar. Müň töweregi ilaty bolan oba “Ansorullah” toparyny esaslandyryjy Amriddin Tabarowyň dogduk mekany Gulomondan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär. Mullo Abdullo toparyna garşy geçirilen ýörite operasiýa wagtynda, obanyň onlarça ýaşaýjysy öldürildi. Şerbegiýonyň 10-dan gowrak ýerli ýaşaýjysy häzirki wagtda Owganystanda.

Şerbegiýon obasyndaky mekdebiň müdiri Aminjon Mirhoja Şarifowyň çagalaryna (2 ogly we 6 gyzy) mekdebe gitmegine rugsat bermändigini, olara öýde dini esaslarda sapak öwredendigini aýdýar. Söhbetdeşimiz: "Ol oppozisiýadaky güýçleriň meýdan komandiri bolansoň, hiç kim oňa garşy çykmaga het edip bilmedi" diýýär.

On ýyl mundan ozal Raşt jülgesinde meýdan komandirleriniň täsiri gaty güýçlüdi. Mullo Abdullo Rahimowy ýok etmek üçin geçirilen ýörite operasiýadan soň, häkimiýetler dürli bahanalara duwlanyp, öňki komandirleri tussag edip başladylar, käbirleri öldürildi. Mirhoja Şarifowyň başyna-da şeýle ykbal geldi. “Meýdan komandiri ölenden soň, hiç wagt mekdebe gatnamadyk ogly Muhammad derrew ýedinji synp okuwçysy boldy. 2011-nji ýylda orta mekdebi gutardy, mekdepden soň ony bu ýerde hiç kim görmedi" diýip, mekdep direktory aýdýar.

Orsýetden Owganystana barýan uzak ýol

Muhammad Şarifowyň ejesi Zülkada Ýunusowa Azatlyk Radiosyna 2015-nji ýylda oglunyň Russiýa işlemäge gidendigini aýtdy. Muhammad ilkinji alty aýyň dowamynda ejesine yzygiderli jaň edip durupdyr. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda tokaý çapmaga gitjekdigini habar berýär. “Muhammad ol ýerde aragatnaşygyň ýokdugyny, jaň etmese alada galmagyň zerur däldigini aýtdy. Ýöne 7-8 aý geçensoň, polisiýa işgärleri gelip, Muhammadyň Owganystandadygyny aýtdylar" diýip, ene gürrüň berýär.

Zülkada Ýunusowa ogly bilen soňky gezek 20-nji iýulda, Gurban baýramynyň öňüsyrasynda gürleşendigini aýdýar. Ene oglunyň Owganystanyň Täjigistan bilen serhetdeş çäginde bolandygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mahdi Arsalanyň Owganystana gitmek we “Täjigistan talybanyna” goşulmak üçin kampaniýa alyp barýandygy hakda, Täjigistanyň bir ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy. Howpsuzlyk şertleri sebäpli adyny aýtmadyk gürrüňdeşimiz Muhammad Şarifow (Mahdi Arsalan) bilen Russiýada duşuşandygyny aýtdy. “Ol meni Owganystandaky jihada gitmäge çagyrdy. Iň soňky gezek mundan iki aý öň gürleşdik. Ilki başlarda onuň gürrüňini höwes bilen diňledim. Ýöne bir gezek biz jedelleşdik, oňa nädogry ýoly saýlap alandygyny, başgalaryň bähbidi üçin janyny pida edýändigini aýtdym. Şondan soň ol meniň WhatsApp nomerimi petikledi" diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сотрудники Росгвардии вместе с благотворителем Курбановой Светланой Владимировной посетили центр помощи семье и детям "Клинский"

Фарфоровый безвиз: новые правила въезда россиян в Китай заработают в 2025-м

Россия, Китай и Иран в совместном заявлении выразили поддержку соглашения по ядерной сделке

"Таких озверевших...надо сажать": "Шариатский патруль" набросился на подростка в Москве. Глава НАК призвал к жёстким мерам

Музыкальные новости

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

По благословению схиархимандрита Илия в Орловской области построена православная гимназия

Новости России

Лавров отметил подъем в отношениях России и Буркина-Фасо

В ГД оценили инициативу ввести регистрацию домашних животных

Юные тулячки завоевали серебро и бронзу турнира по синхронному плаванию

Гостиную проектов Фонда Росконгресс впервые откроют на ПМЭФ-2024

Экология в России и мире

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Moscow.media

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *