Şweýsariýadaky, Gazagystandaky türkmen ilçihanalary raýatlaryň pasport möhletlerini uzaldýar
Türkmenistanyň Şweýsariýadaky we Gazagystandaky ilçihanalary türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletlerini uzaltmaga başlady diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri diplomatiki missiýalara salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň 1-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, daşary ýurt pasportynyň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan raýatlar daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen öz pasportlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp bilýärler.
Şunuň bilen balylykda, Türkmenistanyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki, Gazagystanyň Nur-Soltan we Almaty şäherlerindäki ilçihanalaryna ýa konsullygyna ýüz tutan türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryna olaryň möhletleriniň uzaldylandygy barada bellik ediler diýip, habarda aýdylýar.
Şweýsariýada pasport möhletini uzaltmak üçin öňünden, ilçihananyň elektron poçtasy arkaly arza, möhleti uzaldyljak pasportyň nusgasy, raýatyň ýaşaýan ýurdunyň ýaşaýjy kartoçkasynyň ýa wizasynyň nusgasy, talap edilýän görnüşdäki bir fotosurat (3х4 ýa-da 4х5m) elektron görnüşde, JPG formatynda we kagyz görnüşinde) iberilmeli.
Şondan soň ilçijana raýata möhleti uzaldylan pasportyny almak üçin haçan gelmelidigi barada elektron poçta arkaly hat iberer, ýöne olar gelen wagtynda daşary ýurt pasportlaryny asyl nusgada öz ýanlary bilen alyp gelmeli we bir fotosuratlaryny (3х4 ýa-da 4х5 ölçeginde) getirmeli.
Gazagystandaky türkmen ilçihanasy pasport möhletini uzaltjak adamlaryň ýanlary bilen kesgitlenen görnüşdäki arzalaryny, talap edilýän görnüşdäki anketalary, daşary ýurt pasportynyň birinji sahypasynyň nusgasyny, talap edilýän görnüşdäki suratlary alyp gelmelidigini, pasportlaryň möhletleriniň mugt uzaldylýandygyny habar berýär.