Owgan goşunlary 'Talybana' garşy Helmand welaýatynda söweşýär
Owgan goşunlary 2-nji awgustda günorta Helmand welaýatynyň paýtagtyny gözegçilik astynda saklamak ugrunda "Talyban" söweşijileri bilen söweşdi.
Hökümet sebite ýüzlerçe ýörite güýç iberiljekdigini yglan edeninden birnäçe sagat soň, "Talyban" Helmandyň paýtagty Laşkar Gahda basyşlaryny güýçlendirdi.
"Talyban" söweşijileri hepdäniň ahyrynda bir gijäniň dowamynda azyndan iki welaýat paýtagtyna - günortada Kandahara we günbatarda Hyrata hüjümlerini dowam etdirdiler. Agyr söweşlerden soň müňlerçe parahat ýaşaýjy zorlukdan gaçmaga mejbur boldy.
ABŞ-nyň maýda başlap, awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlamagy planlaşdyrýan goşun çekmek işi sebäpli söweşler güýçlenýär.
"Talyban" söweşijileri hökümet güýçleriniň has köp ilatly sebitlere ünsi gönükdirýändiklerini aýdandan soň onlarça etraby we serhetýaka sebitleri basyp aldy.
Helmand welaýaty ABŞ-nyň we Britaniýanyň Owganystandaky harby kampaniýasynyň gowşadylmagynyň esasy merkezleriniň biri boldy.