Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Akaýew dawaly 'Kumtor' barada soraglara jogap bermek üçin ýurduna dolandy
Garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti weziesinden çekilenden soň Russiýada ýaşan Askar Akaýew Bişkege dolandy we dünýäniň iň uly altyn känleriniň birine degişli güman edilýän korrupsiýa bilen baglanyşykly geçirilýän derňewde sorag edildi.
Askar Akaýewiň bu sapary 2005-nji ýylda demokratiýa ugrundaky parahatçylykly ýörişlerden gaçyp ýutdan gideli bäri Gyrgyzystana ilkinji gezek baryşydyr.
Akaýew baran badyna dessine Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetine (UNMK) äkidildi.
Kumtor ençeme ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw boýunça talaplar bilen bagly düşünişmezlikleriň nyşanyna öwrüldi we häzirki wagtda Gyrgyzystan döwleti magdan operatory Kanadanyň “Centra Gold” kompaniýasy bilen kärhana gözegçilik etmek ugrunda göreş alyp barýar.
Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew 8-nji iýulda "Kumtor" boýunça korrupsiýa derňewiniň çäginde Akaýewiň we Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň halkara gözleg sanawyna goşulandygyny aýtdy.
Taşiýew Gyrgyzystanyň hökümetiniň halkara kazyýetinde "Centerra Gold" kompaniýasynyň Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmilerine para töländigini subut etmek isleýändigini aýtdy.