Ukrain polisiýasy öli tapylan belarus aktiwistiniň öldürilmegi boýunça derňew işini açdy
Ukrain polisiýasy ýitirim bolan belarus aktiwisti Wital Şişowyň 3-nji awgustda Kiýewdäki öýüniň golaýynda seýilgähde öli tapylandan soň adam öldürmekde güman etmek boýunça sud işine başlandygyny aýtdy.
Polisiýa ähli mümkinçilikleri, şol sanda öz janyna kast etmek edilip, görkezilmekçi bolýan adam öldürmek jenaýaty ýaly ýagdaýlary derňejekdigini aýtdy.
"Polisiýa Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň bilkastlaýyn adam öldürmek baradaky 115-nji maddasyna laýyklykda jenaýat işini açdy we ähli wersiýalary, şol sanda janyna kast edişligi görkezmek ýaly mümkinçilikleri derňär" diýlip, beýanatda aýdylýar.
Şişowyň jemgyýetçilik guramasy bolan Ukrainadaky Belarus öýi (BDU), 2020-nji ýylyň awgust aýynda Alýaksandr Lukaşenkanyň altynjy prezidentlik möhletine geçmeginden soň, režimiň rehimsiz basyşlaryna sezewar bolýar we yzarlanmalardan gaçýan Belaruslara kömek edýär.
Polisiýanyň beren habaryna görä, Kiýewde ýitirim bolan belarus raýaty Wital Şişow 3-nji awgustda Kiýewde ýaşaýan ýerinden uzak bolmadyk seýilgähleriň birinde asylgy öli tapyldy.
Şyşow asly Belarusyň günorta-gündogaryndaky Reçytsa şäherinden bolup, 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň Ukraina göçdi. Saýlawlarda diýdimzor lider Alýaksandr Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygyny aýtmagy köpçülikleýin köçe protestlerini tutaşdyrdy.