Şwesiýada uruş jenaýatlarynda aýyplanýan eýranlynyň sud işi başlandy
1988-nji ýylda müňlerçe syýasy dissidentiň jezalandyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýan Eýranyň öňki prokurory 10-njy awgustda Şwesiýada sud edilýär. Bu ýagdaýyň Yslam respublikasynda dartgynly kabul edilmegi çak edilýär
Şwesiýanyň prokurorlary 60 ýaşly Hamid Nurini Eýranda 1988-nji ýylda hökümetiň buýrugy bilen 5000 töweregi syýasy tussagyň jezalandyrylmagy bilen bagly uruş jenaýatlaryna baş goşmakda güman edýär.
Prokurorlar Nuriniň 1988-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda Eýranyň Karaj şäheriniň daşyndaky Gohardaşt türmesinde prokuroryň orunbasarynyň kömekçisi bolup işländigini we ol ýerdäki agyr wagşyçylyklara gatnaşandygyny aýdýarlar.
Aklawçy Tomas Soderkwist Nuri 1988-nji ýyldaky ölüm jezasyna gatnaşmak aýyplamalary ret edýär -diýip 10-njy awgustda aýtdy.
Şwesiýanyň ähliumumy ýurisdiksiýa ýörelgeleri, sudýalara adam öldürmek ýa-da uruş jenaýatlary ýaly jenaýat işleriniň nirede bolandygyna garamazdan, sud işini açmaga mümkinçilik berýär.
10-njy awgustda irden başlanan sud işiniň geljek ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Suduň üç günlük diňlenişigine onlarça şudýa gatnaşýar.