Belarus ABŞ-dan ilçihanadaky işgär sanyny azaltmagy soraýar, ilçiden ýüz öwürýär
Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Anatol Hlaz 11-nji awgustda ministrligiň web sahypasynda ýerleşdirilen söhbetdeşlikde Minskiň Julie Fişeriň ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi wezipesine bellenilmegi baradaky razylygyny ýatyrandygyny aýtdy.
"Belarusyň häzirki ABŞ administrasiýasyna bolan ynamy ýitirendigini nazarda tutup, ABŞ hökümeti tarapyndan utgaşdyrylýan ähli täze taslamalar, grantlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy togtadýarys” diýip, Hlaz aýtdy.
Fişer 2020-nji ýylyň dekabrynda Senat tarapyndan tassyklandy ýöne belarus hökümetiniň oňa wiza bermekden ýüz öwürýändigi sebäpli Minskdäki işine başlap bilmedi.
ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna Lukaşenka režiminiň hem-de onuň “Belarusda garaşsyz sesleriň ýüze çykmagyna rugsat berip bilmezliginiň, şeýle-de onuň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge göwünsizliginiň” sebäp bolandygyny aýtdy.
Hlazyň interwýusy ABŞ, Britaniýa we Kanada Belarusa garşy täze söwda we maliýe sanksiýalaryny yglan edenden soň peýda boldy.