Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda pagta ýagy diňe nagt pula satyldy

11-nji awgustda Mary şäheriniň käbir döwlet dükanlarynda pagta çigidinden öndürilen arassalanmadyk ösümlik ýagy satuwa çykaryldy. Ýöne ýaşaýjylar döwletiň subsidirlenen bahasyndan satylýan bu pagta ýagyny diňe nagt görnüşinde satyn alyp bildiler.


Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, ýaşaýjylar şäheriň Kemine köçesiniň ugrundaky 1-nji döwlet dükanynyň arka tarapynda irden sagat 9-da nobata durup başladylar.


"Ýagyň haçan geljegi we satyljagy aýdylmady. Ýöne adamlar ir nobata durmasaň, hemişeki ýaly nobatyň soňunda duranlara ýag ýetmez öýdüp, ir bilen nobata durup başladylar. Adamlar jokrama yssyda tas alty sagat garaşdylar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Gülsona diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.




Nobata duran adamlar öz ýanlary bilen 1,5 litr möçberindäki boş boklaşkalary alyp bardylar. Günortan sagat 2:40 töweregi dükana pagta ýagy getirildi. Dükan satyjylary ony sagat 3-den soň satyp başladylar.


"1,5 litr pagta ýagyny 21 manada satdylar. Öň onuň bahasy 20 manatdy" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.


Bellesek, häzirki wagt hususy dükanlarda we bazarlarda 1,5 litr arassalanmadyk pagta ýagy döwlet dükanlaryndakydan üç esse gymmatdan, 64 manatdan bahalanýar.


Habarçymyzyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda nobata duran adamlaryň köpüsinde nagt pul bolmansoň, olar pensiýa ýa-da döwlet kömek pullary geçirilen bank kartlaryny getirip, ýagyň bahasyny kartdan tölemäge synanyşypdyr.


Ýöne dükan satyjylary Internetiň hiliniň pesdigini aýdyp, töleg terminalynyň işlemeýändigini, şol sebäpli ýag töleglerini diňe nagt görnüşinde kabul edýändiklerini mälim etdiler.


Şonda nobata duran damlaryň köpüsi kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin banklara, bankomatlaryň ýerleşýän ýerine aýlandylar. Ýöne olar bankomatlarda pul ýokdugy sebäpli pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän, sagat 4:30 töweregi yzlaryna geldiler.


"Olar dükan satyjylaryna "kartlarymyzy goýup gideli, terminalyňyz haçan işlese, şonda ýagyň puluny kartymyzdan çekäýiň" diýdiler. Şonda dükan satyjylary pagta ýagynyň diňe nagt görnüşinde satylýandygyny, töleg terminallary işlese-de, ýagyň puluny kartdan alyp bilmeýändiklerini aýtdylar. Bankomat gözläp, şäheriň dürli ýerini aýlanan ýaşaýjylaryň käbiri muňa gaharlandy, ýöne hiç zat diýmän, bialaç öýlerine gaýtdylar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.




Bellesek, Türkmenistanda soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi saklanyp galýar. Bankomatlaryň öňünde uly nobatlary emele getirýän raýatlar pensiýa we zähmet haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. 


Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümleriň düzümine towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly harytlar girýär.


Döwlet dükanlarynyň aglabasynda bu harytlaryň satuwy yzygiderli gijikdirilýär, käbir obalara birnäçe hepdeläp un, çörek, towuk budy, ýag we şeker getirilmeýär. Uly arakesmeden soň satuwa çykarylýan bu önümler üçin ýüzlerçe adam nobata durýar, olar 1-2 sagadyň dowamynda satylyp gutarýar.


Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar global pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Dollaryň "gara bazardaky" bahasy onuň resmi kursundan 10 esse ýokarlandy. Munuň bilen bir wagtda, hususy dükanlarda azyk we beýleki harytlar yzygiderli gymmatlaýar. Bu ýagdaýlar köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk gymmatçylygy we gytçylygy, bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *