Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: "Abraýly" mekdepleriň parasy 35 müň manada ýetýär

Çeşme:

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde çagalary başlangyç synplara kabul ediş möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiz bu kampaniýanyň dowamynda käbir ene-atalar bilen şäheriň bilim resmileriniň arasyndaky para-peşgeş barada maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, welaýatyň Farap we Çärjew ýaly etraplarynda ýaşaýan ene-atalar çagalaryny Türkmenabadyň, ilat arasynda "abraýly" hasaplanýan, käbir mekdeplerine başlangyç synpa ýerleşdirmäge synanyşýarlar.

Başlangyç we orta bilim berýän bu edaralaryň hatarynda şäheriň Bahar etrapçasyndaky 29-njy, 1-nji etrapçasyndaky 31-nji, 1-nji we 8-nji mekdepler bar. Ýurtda "abraýly" diýlip atlandyrylýan mekdepler adatça olarda berilýän bilimiň hiliniň beýleki mekdepleriňkiden ýokary diýlip hasaplanmagy bilen düşündirilýär.

"Bu mekdeplerde haýsy-da bolsa bir ugur, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça çuňlaşdyrylan bilim berilýär. Şol sebäpli köp ene-ata, hususan-da etraplarda ýaşaýan gurply raýatlar çagalaryny şu mekdeplere ýerleşdirmäge çalyşýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly çeşmämiz aýtdy.

Ýöne bellemeli ýeri, bu mekdeplere kanunlara lavyklykda diňe şol sebitlerde ýaşaýan, ýazgyda duran raýatlaryň çagalary kabul edilýär. Ýagdaýdan habarly çeşmämiz ene-atalar bilen bilim resmileriniň arasyndaky para-peşgeş meselesiniň hut şu pursatda ýüze çykýandygyny aýdýar.

"Etraply ene-atalar özleriniň ýaşaýan ýeriniň ýazgylaryny galplaşdyryp, ony mekdepleriň ýerleşýän etrapçalaryna geçirýärler. Munuň üçin olar degişli resmilere para berýärler. Bu para şäher bilim bölüminiň resmileriniň, mekdep direktorlarynyň we şäher häkimliginiň raýatlary hasaba alyş bölüminiň işgärleriniň arasynda paýlanýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, paranyň möçberi, emeldarlaryň talaplaryna görä, 25000-35000 manat aralygynda üýtgeýär. Bu dollaryň resmi kursunda $7150-$10000-a, gara bazaryň nyrhynda $735-$1030-a barabardyr.

"Bular edil jenaýat toparlary, mafiýa ýaly. Paralary iýul aýynda alýarlar. Mekdeplerde okuwçylaryň sanawy awgust aýynda tassyklanýar" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz "abraýly" mekdeplere beýleki etrapçalardan we etraplardan çagalaryň okuwa alynmagy netijesinde, käte aşa köp okuwçyly synplaryň emele gelýändigini we munuň olara berilýän bilimiň hiline hem täsir ýetirýändigini aýdýar.

"Bir synpda 28-30 okuwçy okamaly bolsa, käbir synplarda 34-35 okuwçy okaýar" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylar bu mekdeplerde berilýän bilimiň hili beýlekilerdäkiden tapawutlansa-da, bu mekdepleriň uçurymlarynyň ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiliginiň tas nola deňdigini aýdýar.

"Ýaşlary ýurduň ÝOJ-laryna parasyz kabul etmeýärler. Bu ýagdaýda adamlaryň näme üçin çykdajy edip, çagalaryny başga etrapdyr etrapçalardan getirip, bilim berjek bolýanyna düşünmek kyn" diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň synanyşyklaryna garamazdan, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher bilim bölüminden, agzalan mekdepleriň direktorlaryndan we şäher häkimliginiň raýatlary hasaba alyş bölüminden, Bilim ministrliginden kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanda ene-atalaryň öz çagalaryny “abraýly” hasaplanýan ýa-da ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwa salmak üçin para berýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi. Dört ýyl ozal Aşgabatda bu paranyň möçberiniň $500-$2000-a deňdigini habarçymyz gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýurduň bilim pudagyndaky para-peşgeş barada mesele gozgamaýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ýol beren kemçilikleri üçin” diýip, bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylara wagtal-wagtal berk käýinç yglan edýär. Ýöne olaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Триумф воли. Как предприниматель из Барнаула в 35 лет начал бегать марафоны по 170 км

Зачем офицеры НАТО и дипломаты ЕС рыщут по регионам Дальнего Востока

Продал ради жизни в США. Внук Пугачевой избавился от ее дачи

Международный театральный фестиваль «Русская классика» завершился в Лобне

Музыкальные новости

Дизайнер Наталья Душегрея выпустила капсульные коллекции Весна-Лето 2024

Ctrl2GO Solutions и РусГидро подписали соглашение о сотрудничестве

ЦСКА разорвал дистанцию // Армейцы увеличили преимущество в финальной серии Единой лиги ВТБ

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Новости России

ЗАПИШИ СЕМЕЙНЫЙ РОЛИК — ПОПАДИ В ЭФИР ТЕЛЕКАНАЛА RU.TV

Прощание c Анастасией Заворотнюк состоится 1 июня в Покровском монастыре

Красноярский край готовится принять участников и экспертов Отборочного этапа Национального чемпионата профессионального мастерства «Абилимпикс»

Более 30 артистов театра и кино прошли по багуловой дорожке в честь открытия Забайкальского международного кинофестиваля в Чите

Экология в России и мире

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

Любимый россиянами курорт с белоснежными пляжами готовится запустить прямые рейсы в Россию, чтобы снизить цены на туры

Спорт в России и мире

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Белорусские теннисистки проведут стартовые встречи открытого чемпионата Франции

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Moscow.media

В Челябинской области трансгендеру вынесен приговор за поджог военкомата

Завершен монтаж пролетного строения моста через Волгу на обходе Твери

В Арамиле возбудили уголовное дело из-за "дома-монстра", в котором продолжают жить люди

НА ДЕТСКОМ ФЕСТИВАЛЕ ИСКУССТВ «НЕБО» СОСТОИТСЯ 5 ПРЕМЬЕР И ПОКАЖУТ НОВИНКИ ОТ ВЕДУЩИХ МОСКОВСКИХ ТЕАТРОВ







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *