Britaniýanyň öňki premýer-ministri Bleýr Owganystandan çykylmagyny tankytlaýar
2001-nji ýylda öz ýurduny ABŞ bilen birlikde Owganystandaky urşa getiren britan premýer-ministri Toni Bleýr uruşdan tozan ýurduň “terk edilmegini” “howply” we “zerur däl” diýip atlandyrdy.
Bleýr 21-nji awgustdaky beýanatynda Günbatar harbylarynyň 21 ýyllyk uruşdan we terrorçylykly hüjümlerden soň bu ýurdy terk etmeginden Russiýanyň, Hytaýyň we Eýranyň peýdalanjakdygyny hem duýdurdy.
Bleýr bu sözleri özüniň Global özgerişlik üçin Toni Bleýr gaznasynyň web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.
"Owganystanyň we onuň halkynyň terk edilmegi pajygaly, howply, zerur däl, ne olaryň bähbidine, ne-de biziň bähbidimize" diýip, ol Owganystanyň hökümeti dargap, “Talyban” häkimiýeti ele geçireli bäri ýüze çykan krizis barada eden ilkinji çykyşynda aýtdy.