Ispaniýadaky bazalar owganystanly bosgunlary göçürmekde ulanylar
Birleşen Ştatlar we Ispaniýa ABŞ hökümeti üçin işlän owganlary kabul etmek üçin Ispaniýadaky harby bazalary ulanmak barada ylalaşyga geldi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes bu meselede 21-nji awgustda geçirilen telefon söhbetdeşliginde ylalaşyk gazandy diýip, ispan hökümeti 22-nji awgustda aýtdy.
Ylalaşyga görä, Sewiliň golaýyndaky Moron de la Frontera we Kadiziň golaýyndaky Rota bazalary Owganystandan gelen bosgunlaryň beýleki ýurtlara aşmagy ýola goýulýança düşlejek ýerleri bolar.
110 owgan bosgunyny we olaryň maşgalalaryny alyp barýan uçar 21-nji awgust agşamy Madridiň etegindäki harby baza geldi. Ýolagçylaryň arasynda ABŞ-nyň Owganystandaky administrasiýasynda işlän 36 adam bar.
Bu baza Ýewropa Bileleşigi bilen işleşen owgan bosgunlaryny we olaryň maşgalalaryny kabul etmek üçin ulanylýar. Bu adamlar soňra beýleki ÝB ýurtlaryna ugradylar.