Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Lebapda koronawirusdan ölýänleriň sany günde 100 adama ýetýär

Çeşme: Lebapda koronawirusdan ölýänleriň sany günde 100 adama ýetýär

Lebap welaýatynda koronawirusdan ölýänleriň sany günde 100 adama ýetýär. Türkmenistanda wirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen bu welaýatda medisina işgärleri ýetmezçilik edýär. Welaýatyň Farap etrap hassahanasy tutuşlygyna ýapylyp, diňe COVID-19 näsaglaryny kabul edip başlady. Şeýle-de, etrapda wirusdan ýogalanlaryň mazar daşyna merhumyň ýaşyny ýazmak gadagan edildi. Aşgabatda hassahanalar näsaglaryň akymyna döz gelip bilmän, syrkawlary kabul etmegi togtadansoň, häzirki wagt wirusa ýoluganlaryň aglabasy öz saglyklaryny öý şertlerinde dikeltmäge synanyşýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri, şeýle-de saglyk işgärleri maglumat berýärler.

"Koronawirusa ýoluganlar we ondan ýogalýanlar has-da köpelýär. Lebap welaýaty boýunça her 24 sagadyň dowamynda ölýänleriň sany 100 adama ýetýär. Welaýatyň köpugurly hassahanasyna diňe saglygyny dikeldip boljak näsaglar kabul edilýär, wirus zerarly öýkenine aşa zyýan ýeten näsaglary öýlerine iberýärler" diýip, welaýatyň saglyk müdirligindäki çeşmämiz anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň köpugurly hassahanasyna Hojambaz, Halaç we Saýat etraplaryndan ýüz tutup gelen näsaglary asla almaýarlar.

"Bu hassahana näsaglardan hyryn-dykyn doly. Hatda lukmanlaryň ordinasiýa we dynç alýan otaglary hem palata öwrülip, olara näsaglar ýerleşdirildi" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çärjew etrabynyň tas ähli obasyna aýlanyp gören habarçymyz olarda wirusdan ölýänleriň köpdügini aýdyp, jynaza çäreleriniň görnetin köpelendigini hem belleýär.

Şeýle-de, ol 23-nji awgustda gije sagat 10-dan soň Çärjew etrabynyň Täze ýap obasynyň başlygynyň we şol etrabyň Hojameresi obasynyň çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymynyň koronawirusdan ýogalandygyny hem aýtdy.

Ýurtda wirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen bu welaýatda medisina işgärleri hem ýetmezçilik edýär. Karantine ýapylan hassahanalaryň lukmanlaryna tölegli ýa-da tölegsiz zähmet rugsadyna çykmak dilden berlen görkezme esasynda gadagan edilýär.

"Saglyk işgärleriniň çagasy kesellese-de, olara saglyk rugsady berilmeýär. Häzir ýörite saglyk topary döredildi. Saglyk rugsadyna çykmak isleýän medisina işgärleri şu topardan geçmeli. Bu topar tas hiç bir saglyk işgäriniň saglyk rugsadyny tassyklamaýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şol bir wagtda, ol hassahanalarda 14 günläp karantine girip işleýän saglyk işgärlerine döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýändigini, olaryň öz hasaplaryna naharlanmaly bolýandygyny hem belledi.

"Karantine ýapylan hassahanalarda işleýän medisina işgärlerine yssy nahar berilmeýär. Olar bu ýerde aýlyklarynyň deň ýarysyny sarp etmeli bolýarlar. Olara 15% goşmaça aýlyk haky diňe 14 gün karantine girip işlände tölenýär. Onda-da 7 sagadyň üstüne 15% goşup tölenýär. Gijeki işleýänlere goşmaça aýlyk tölenmeýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu aralykda, Lebabyň Farap etrabynda wirusa ýolugýanlaryň sanynyň görnetin köpelmegi bilen, etrap hassahanasy tutuşlygyna ýapylyp, diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady.

"Hassahananyň çagalar bölüminde hem koronawirus näsaglaryna bejergi berilýär. Ýöne onda öýkeni howalandyrmak üçin emeli kislorod balonlary ýetmezçilik edýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu hassahana Lebabyň himiýa zawodyndan yzygiderli kislorod iberilýär. Zawod dynç günleri hem işleýär.

Şeýle-de, habarçymyz etrabyň polisiýa işgärleriniň arasynda wirus ýokuşanlaryň görnetin köpelendigini aýdyp, soňky iki hepdäniň dowamynda üç polisiýa ofiseriniň koronawirusdan heläk bolandygyny hem belledi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäriniň aýtmagyna görä, ölüm-ýitime bu pudagyň işgärlerine waksina sanjymynyň heniz-de doly urulmazlygy belli bir derejede sebäp bolýar.

"Polisiýa, häkimlik, prokuratura we migrasiýa ýaly edaralaryň işgärlerine henizem sanjym edilmedi. Resmiler munuň sebäbini waksinanyň gutarandygy we onuň täze tapgyrynyň heniz gelmändigi bilen düşündirýärler" diýip, ýerli kanun goraýjy edaranyň işgäri aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, etrapda wirusdan ýogalanlaryň mazar daşyna merhumyň ýaşyny ýazmak gadagan edildi. Habarçymyzyň maglumatyna görä, häkimiýetler bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmeýärler.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar wirusdan heläk bolýanlaryň arasynda ýaş raýatlaryň köpelendigini aýdyp, "gadagançylyk esasynda häkimiýetler bu tendensiýany ýaşyrmaga synanyşýar" diýýärler.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz soňky dört-bäş günüň dowamynda wirus bilen keselleýänleriň sanynyň ýiti derejede köpelýändigini habar berýär.

"Paýtagtyň merkezi etrapçalarynda, hususan-da 11-nji we 30-njy etrapçalarynda wirusa ýoluganlaryň sany juda köp. Hassahanalarda ýer bolmandygy sebäpli, syrkawlaryň aglabasy öý şertlerinde saglygyny dikeltmäge synanyşýar. Saglyk işgärleri örän aljyraňňy ýagdaýda" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly lukmanlaryň biri 23-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu etrapçalardaky maşgala lukmanlary öýme-öý aýlanyp, her gün diýen ýaly näsaglaryň gyzgynyny ölçeýärler.

Bu aralykda, Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz sentýabr aýyndan başlap şäherde "lokdawn" düzgünlerini doly güýje girizmek barada maslahat edilýändigini habar berýär.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bir işgäriniň habarçymyza aýtmagyna görä, häkimiýetler munuň sebäplerini paýtagtda koronawirusyň giňden ýaýramagy we ondan ölýänleriň sanynyň görnetin artmagy bilen düşündirýärler.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäklerinde COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Строители начали подготовительные работы к реконструкции стадиона в Реутове 

Егор Молчанов, руководитель Artinvestment: «На длительном этапе искусство — лучший способ борьбы с обесцениванием денег»

Россия начала переговоры по дедолларизации торговли с Кубой и Венесуэлой

Перед Олимпиадой из Парижа выгнали бродяг

Музыкальные новости

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

5-летняя дочь Анастасии Заворотнюк пришла на могилу матери

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025

Новости России

Брачный аферист с судимостью обманул на полтора миллиона рублей трех москвичек

Пранкеры по сути сделали Макаревича невъездным в Россию

Перед Олимпиадой из Парижа выгнали бродяг

Обновили систему очистки воды для дома. Почему выбрали БАРЬЕР и как работает новый комплекс

Экология в России и мире

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Вкусно и полезно: лучшие сезонные фрукты и ягоды, которые стоит включить в рацион летом, чтобы получить витаминный заряд

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Спорт в России и мире

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Moscow.media

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Талантливый актер и неугомонный скандалист - несчастная судьба и ранний уход Николая Сектименко

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *